Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sun Weidun Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşdy

Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sun Weidun Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşdy

11-nji ýanwarda Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Sun Weidun Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hytaýdaky ilçileri bilen duşuşdy. Bu barada nCa internet portaly tarapyndan habar berildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi Parahat Durdyýew hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň barşynda Sun Weidun Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Hytaýyň ýakyn goňşulary we hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlardygyny aýtdy.

Soňky on ýylda Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ýardam edýär we önjeýli netijelere ýetmek ugrunda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga ýol açýar diýip, Sun Weidun belledi.

Geçen ýyl Hytaý—Merkezi Aziýa sammiti üstünlikli geçirildi. Munuň özi möhüm pursat bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze basgançaga çykardy.

Hytaý döwlet Baştutanlarynyň diplomatiýasynyň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga, syýasy özara ynanyşmagy çuňlaşdyrmaga, Bir guşak — bir ýol hyzmatdaşlygyny hil taýdan ösdürmäge, Hytaý—Merkezi Aziýa gatnaşyklarynyň mehanizmlerini kämilleşdirmäge, Hytaýyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga we umumy geljegi bolan has ýakyn baglanyşykly Hytaý—Merkezi Aziýa jemgyýetini döretmäge taýyndyr diýip, Sun Weidun aýtdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň Hytaýdaky ilçileri Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde gazanylan üstünliklere ýokary baha berdiler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň HHR bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdiklerini mälim etdiler.

Duşuşykda ýurtlaryň esasy gyzyklanmalary bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem Hytaý—Merkezi Aziýa sammitiniň netijelerini doly durmuşa geçirmek, Hytaý—Merkezi Aziýa mehanizmleriniň döredilmegine goldaw bermek we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça güýçli özara goldaw beýan edildi.

Şeýle hem Sun Weidun özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça ähli taraplar bilen pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi
Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barar
HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
Szinpin maýyň birinji ýarymynda üç Ýewropa ýurduna sapar eder
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Putin Hytaýa sapar gurar