Hytaýyň DIM-i: Türkmenistan “Bir guşak-bir ýol” taslamasynda Hytaýyň esasy hyzmatdaşydyr

Hytaýyň DIM-i: Türkmenistan “Bir guşak-bir ýol” taslamasynda Hytaýyň esasy hyzmatdaşydyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşdy. Bu barada Hytaýyň CGTN agentligi habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Wan I Türkmenistanyň “Bir guşak, bir ýol” taslamasyny bilelikde durmuşa geçirmekde Hytaýyň esasy hyzmatdaşy hökmündäki möhüm ornuny nygtady, şeýle hem köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda bilelikde tagalla etmäge Hytaýyň taýýardygyny mälim etdi.

Raşid Meredow iki ýurduň Liderleriniň döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiklerini tassyklady. Türkmenistan “Bir guşak bir ýol” başlangyjyny işjeň goldap, oňa gatnaşýar, diýip ýurduň daşary işler ministri nygtady. Şunda türkmen tarapy “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi” we “Bir guşak, bir ýol” strategiýalarynyň özara baglanyşygynyň işjeňleşdirilmegine umyt bildirýär.

Şol gün Pekin şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we komunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Hytaýyň awtoulag öndüriji “Shaanxi Heavy Duty Automobile Import & Export co., LTD” we “Yutong Bus Co., Ltd.” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda taraplar awtoulag serişdelerini we şaýlaryny ibermek boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, duşenbe güni Pekinde Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Hytaýyň wise-premýeri Din Sýues bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Hytaý we Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmegi ylalaşdylar.

Hytaýda saparda bolýan Türkmenistanyň resmi wekiliýeti 17-18-nji oktýabrda Pekin şäherinde geçirilýän “Bir guşak, bir ýol” Halkara hyzmatdaşlyk forumynyň 3-nji mejlisine gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
27.02.2018 | Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär