Hytaýyň kärhanalary Türkmenistandaky taslamalara $4,18 milliard maýa goýdy

Hytaýyň kärhanalary Türkmenistandaky taslamalara $4,18 milliard maýa goýdy

2024-nji ýylyň ahyryna çenli hytaý kompaniýalary Türkmenistandaky taslamalara 4,18 milliard ABŞ dollar maýa goýdy. Bu barada duşenbe güni Aşgabatda geçirilen maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý Iş toparynyň 3-nji mejlisinde mälim edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, mejlisiň barşynda taraplar 2023-nji ýylyň maýynda geçirilen “Merkezi Aziýa Hytaý” sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar hem-de geljekki hyzmatdaşlyk üçin esasy ugurlary bellediler. Mundan başga-da, özara maýa goýumlary giňeltmek we ileri tutulýan düzümlerde iş gurallaryny berkitmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Türkmen wekiliýeti maýa goýum gurşawyny ýokarlandyrmak we BSG-ä goşulmak işiniň barşy boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy, hytaý wekilleri bolsa, nebitgaz, ulag we himiýa pudaklarynda taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada gürrüň berdiler.

Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we maýa goýum gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýän mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we döwlet kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

'Ygtyýarly edaranyň karary bilen'. Türkmen häkimiýetleri öňki žurnaliste ýurtdan çykmaga rugsat bermeýär
Balkanda ýiti respirator keselleri ýaýraýar, ilat koronawirus keseliniň alamatlaryndan howatyr edýär
Türkmenabatda sanjym kampaniýasy başlandy, ýaşaýjylar isleg bildirmeýär
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy
Liwandaky Partlamalar Saglygy Goraýyş Ulgamyna Agyr Zeper Ýetirdi
Dünýäde Maýmyn Mamasy Wirusy Ýaýramaga Dowam Edýär