Hytaýyň Lideri ABŞ-a döwlet saparyny amala aşyrar

Hytaýyň Lideri ABŞ-a döwlet saparyny amala aşyrar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ABŞ tarapynyň çakylygy bilen 23-25-nji sentýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada Xinhua agentligi Hytaýyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

Şu ýylky saparyň dowamynda Hytaýyň Lideri ABŞ-nyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de ählumumy parahatçylyga we ösüşe degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşar.Mundan ozal, Hytaýyň we ABŞ-nyň wekiliýetleriniň Nýu-Ýork şäherinde söwda gepleşiklerini geçirendigi habar berlipdi.

Taraplar söwda we maýa goýum, emeli aň, şeýle hem Waşington bilen Pekiniň arasynda nyrhlary we eksport çäklendirmelerini peseltmegi göz öňünde tutýan häzirki söwda ylalaşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent gepleşikleriň üstünlikli geçendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar