“Hýugo” baýragynyň eýeleri mälim edildi

ABŞ-nyň San-Hose şäheriniň “Worldcon” şüweleňinde 2018-nji ýylyň “Hýugo” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi.Oňa bu gezek amerikan ýazyjylary mynasyp boldular.Iň gowy roman üçin N.K.

Jemisiniň “Daş asman”, iň gowy powest üçin Marta Uellsiň “Ähli ulgamlar gyzyl”, iň gowy gysga powest üçin Sýuzanna Palmaryň “Gelmişekleriň syrly durmuşy“, iň gowy ylmy-fantastik hekaýa üçin Rebekka Roanhorsyň “Ygtybarly hindi tejribäňe hoş geldiň“ atly eserleri baýraga mynasyp boldular. “Non-fikşn” üçin baýragy Ursule Le Guine (Ätiýaç üçin wagt ýok) aradan çykandan soň berdiler.1953-nji ýylda ABŞ-da esaslandyrylan “Hýugo” baýragy, ylmy fantastika ugry boýunça berilýän iň abraýly baýraklaryň biridir.

Baýrak fantastika žanrynda iňlis dilinde ýazylan iň gowy eser üçin okyjylaryň ses bermegi arkaly gowşurylýar.

Ýene degişli makalalar

Türk basketbolçy Alperen Şengün 2026 NBA All-Star toparyna saýlandy
Türkmenistanda 'unudylýan' döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
Türkmenistanda unudylýan’ döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
Türkmen student gyzy özüni zorlap haýbat atýany’ polisiýa şikaýat etdi