Hyundai Engineering halkara forumyň bürünç hyzmatdaşy bolup çykyş eder

Hyundai Engineering halkara forumyň bürünç hyzmatdaşy bolup çykyş eder

Habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-nyň Dubaý şäherindäki Hyatt Regency myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçiriler. Hyundai Engineering forumyň bürünç hyzmatdaşy bolup çykyş eder. Bu barada guramaçylyk topary habar berýär.

Bu kompaniýa Türkmenistanda 10 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar we bu döwürde birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirdi. Kompaniýa gazy kükürtden arassalamak boýunça zawod gurup, Galkynyş gaz känini özleşdirmäge gatnaşdy. Şeýle hem bu kompaniýa LG International Corporation bilen bilelikde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda birnäçe täze tehnologik bölümleri işe girizdi.

Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy Türkmenistan bilen Hyundai Engineering Co., Ltd.-iň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýene bir mysaly bolup durýar. Taslamanyň bahasy 3,4 milliard dollardan gowrak boldy. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine şeýle-de Türkmengaz döwlet konserni, Koreýa Respublikasynyň LG International Corporation we Ýaponiýanyň TOYO Engineering Corporation kompaniýalary jogapkär bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Gyýanlydaky polimer zawody işgärlerini işden çykaryp işini togtatdy
“Hyundai Engineering” OGT-2023 halkara maslahatynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
Türkmenistanyň iň iri gazhimiýa toplumlarynyň birinde köpçülikleýin iş orunlary kemeldilýär
Gyýanlydaky polimer zawody 69 müň tonnadan gowrak polimer önümlerini öndürdi
Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebit we gaz taslamalary bilen gyzyklanýar
Türkmenistan koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine gyzyklanma bildirýär