Hyzmatdaşlygyň täze ýollary dostluk-doganlyga hyzmat edýär.

Hyzmatdaşlygyň täze ýollary dostluk-doganlyga hyzmat edýär.

2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabat şäherinde Akina-Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar teleköpri arkaly birleşdirildi.Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleriniň ajaýyp taryhyna öwrülen wakalar goňşy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklara täze bir öwüşgin çaýdy.

Gadymdan bäri ysnyşykly ýaşaşyp gelýän döwletleriň bilelikde gatnaşmaklarynda özara bähbitli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň öz aralaryndaky däbe öwrülen parahatçylyksöýüjilikli, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.

Hyzmatdaşlygyň täze ýollarynyň ulanmaga berilmegi bilen iki döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyny, olaryň energetika we kommunikasiýa pudaklarynda netijeli gatnaşyklaryny, goňşy döwletleriň halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagyny amala aşyrmak üçin döreýän mümkinçilikler has giňeldi.

Ýene degişli makalalar

Serhet ýakada ýerleşýän günorta sebitler üzňelikden we amatsyz durmuş şertlerinden ejir çekýär
Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar