Ibrahim Kalyn Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud bilen duşuşdy

Ibrahim Kalyn Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud bilen duşuşdy

Somaliniň Prezident diwanyndan berilen beýanata görä, Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn Mogadişu şäherine sapar gurap, Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud we Milli Razwedka we howpsuzlyk agentliginiň başlygy Abdullahi Mohamed Ali bilen Somali prezident köşgünde duşuşyk geçirdi.

Howpsuzlyk we razwedka ugurlary boýunça Aş-Şebab terror guramalaryna garşy göreş tagallalarynyň ele alynan duşuşykda, sebitleýin durnuklylygyň özgerdilmegi we Türkiye bilen Somaliniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen bagly ugurlar boýunça hem pikir alyşyldy.

Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud duşuşykda Somaliniň hökümediniň, terrora garşy göreş başda bolmak bilen howpsuzlyk ugurlarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ähmiýet berýändiklerini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Somaliniň lideri: "Türkiyäniň berýän kömeklerinden hoşaldyrys" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Somaliniň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
Prezident Erdogan Ukrainaly we Somalili Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Dünýä ýurtlary Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgardylar