Içeri işler ministri Diýarbakyrda 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

Içeri işler ministri Diýarbakyrda 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatynda Diýarbakyr welaýatynyň Lije etrabynda geçirilýän "Gahrymanlar-50" atly operasiýada, 1-i çal kategoriýada bolan 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahasy we Ýewfrat Galkany operasiýalary sebitlerine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylaryň hüjümlerine artykmajy bilen garşylyk görkezmäge dowam edýäris. Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahasy we Ýewfrat Galkany operasiýalary sebitlerinde asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak üçin hüjüm guramak islän PKK/ÝPG-e agza 5 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Terrory gözbaşynda ýok etmekde tutanýerlidiris, erjeldiris" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär