Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular

Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwaly geçirildi.

Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara teatr festiwalyna ýurdumyzyň adyndan Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik etdi.

Ildeşlerimiz halkara teatr festiwalyň dowam edýän günleri, ýagny 10-njy dekabrda Gyrgyz Respublikasynyň milli akademiki drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda Perhat Hudaýberenowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş etdiler.

Şol gün ildeşlerimiziň sahna eseri görkezilmezinden ozal, bu halkara festiwala emin agzasy hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa Gyrgyz Respublikasynyň teatr birleşmesiniň Prezidenti Janyş Osmanowiç Kulmambetowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan syzlyp çykan Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy atly kitabynyň rus dilindäki neşiri sowgat berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň ady agzalan kitabynda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň türkmen halkynyň ussat kompozitory Nury Halmämmedow barada aýdan sözleri getirilýär.

Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyň jemleýji güni oňa gatnaşan ýurtlaryň wekillerine eminler topary tarapyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.Netijede ildeşlerimiziň halkara festiwala gatnaşyjylara hödürlän Ak gämi atly sahna eseri halkara festiwaly guraýjylaryň ýörite baýragyna, Diploma we Kuboga mynasyp bolmagy başardy. Şeýle-de Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Ogulşat Jumaýewa Ak gämi sahna eserindäki Nurgazynyň keşbini iň gowy ýerine ýetiriji baýragyna mynasyp bolmagy başardy.

Biz hem ýurdumyzda giňden bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramynda halkara festiwalda gazanan üstünlikleri bilen ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyran Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparyny nobatdaky üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara sungat äleminde ýeňişli ýollaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

Belläp geçsek, halkara festiwala Türkmenistan döwletimiz bilen birlikde Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, şeýle-de Russiýa Federasiýasyndan gelen teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler
Gülälek Akmyradowa halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar
Gülälek Akmyradowa halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar
Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar