Ilkinji düzmäm (hekaýa)

Nura HAKPEREST,

eýran ýazyjysy

Hepdäniň ilkinji gününiň ir säheri.Güýzüň asuda asmanyny bulut büräpdir.Daşarda çisňäp ýagyş ýagýar.Men synp otagynda otyryn.Töweregimdäki synpdaşlarymyň bar gürrüňi edebiýatdan ýazan düzmeleri barada, men bolsa gama batyp oturyşyma, penjireden daşaryny synlaýaryn.

Käşgä, şu gün dynç güni bolsa bolmaýarmy! Şeýle bolan bolsa şu çyglyja tämiz howada hezil edip howlymyzdaky howzuň daşyndan aýlanyp, ylgap oýnardym, düzme ýazmanym üçin beýdip galpyldap, alada galyp oturmazdym.

Şeýdip, pikir-hyýallara ulaşyp otyrkam, synp otagymyzyň gapysy açyldy. Içeri giren edebiýat mugallymymyz hanym Naserini görüp, ýüregim jigläp gitdi. Okuwçylaryň barysy gürre ör turup, mugallyma salam berdiler. Salamymyzy alan hanym Naseri, stolunyň başyna geçip, bize birlaý göz aýlady-da:

— Oturyň! — diýdi.

Hanym Naseri ýüzi agrasdan gelen gaty talapkär mugallymdy.Ol eýýäm ýylyň başyndan bize düzme sapagynyň örän möhüm sapakdygyny duýdurypdy.Sebäbi biz ýazýan düzmelerimizde töweregimizde gündelik görüp ýören zatlarymyz barada öz duýgularymyzy, garaýyşlarymyzy hem pikirlerimizi beýan etmegi başarmalydyk.

Mugallym tutuş bir aýlap bize edebiýat barada gyzykly gürrüňleri beripdi, şeýle-de özbaşdak pikirlenmegi hem çugdamlan pikirleriňi aýdyň, dogry beýan etmegiň tärlerini düşündiripdi.

Häzir güýzüň ikinji aýy.Mugallym öýde erkin mowzuk boýunça düzme ýazmagy tabşyrypdy.Irden mekdebe gelelim bäri synpdaşlarymyň düzmeli, mowzukly gürrüňleri gutarar ýerde gutarmady. Öz düzmäm taýyn bolmansoň, olary diňledigimsaýy, dünýäm daralyp ugrady.

Düzmäni ýazmandygymyň sebäbi bu dersi halamaýanlygymdadyr öýdäýmäň. Ýok, ýok, asla beýle däl.Tersine, ähli dersleriň içinden edebiýaty, onda-da düzme ýazmagy diýseň gowy görýärin.Mugallymlarymyň aýdyşyna görä, gowy pikirlenmäge hem, ýazmaga hem ukybym barmyş. Ýöne düýn anna güni bolansoň, säher bilen gapymyzyň jaňy jyňňyrdap, öýümize yzyna çagajyklaryny tirkäp daýymjan bilen daýzamjan gelipdi.

Onsoň näme, boldy bir hezillik — jemi on-on iki sany ululy-kiçili çaganyň başy bir uly howla jem bolansoň aramyzda oýun barha gyzyşyp, dünýäni unudypdyrys. Şeýdip, uzakly günümizi diňe oýnap geçiripdik.

Agşam düşüp, myhmanlar öýüne gaýdansoň, bazar sowlup, mekdep torbamdyr kitaplarym bilen ýeke özüm gugaryp galypdym.Lütüm çykyp ýadamsoň, hasap dersinden öýe tabşyrylan mysaldyr gönükmelerimi zoraýakdan çalak-çulak ýerine ýetiripdim.

Uky basmarlap, pikirlenmäge hem düzme ýazmaga ýagdaýym galmandy.

Indem häzir synp otagynda ökünip hem galpyldap otyryn. Özümem aldygyna mugallym adymy tutup, düzmämi okamaga çagyrmabilsedir diýip dileg edýärin. Mugallym okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny barlap çykdy. Mydama sapaga gijä galyp gelýän Feribadan beýlekileri ýerinde eken. Mugallym stolunyň başyndan turdy-da, bize ýüzlendi:

— Bir hepdäniň dowamynda size birgiden zatlary düşündiripdim, indi nobat siziňki, bu gün öz ýazan ilkinji düzmäňizi okarsyňyz. Hemmäňiz taýýarmy?

Çagalar agzybirlikde batly sesleri bilen: Ha-wa!diýip jogap berdiler.Synpdaşlarymyň hemmesi biragyzdan Hawa diýensoňlar-a hasam gonjuma gor guýuldy. Özümi ykjamladym-da, oturgyjymda aşagrak busup oturdym.

Mugallyma stolunyň başyna geçip, synp žurnalynyň sahypalaryny agdarmaga başlady.Ol okuwçylaryň sanawyna göz aýlap başlandan ýüregimiň urgusy hasam artdy.Diňe başga bir synpdaşymyň ady tutulandan soň, uludan demimi alyp, rahatlandym.

Mugallym Perwananyň adyny tutupdy. Perwana düzme depderini eline alyp, mugallymyň stolunyň gabadyna bardy, ýüzüni okuwçylara tarap öwrüp durdy. Mugallym:

— Düzmäni haýsy mowzukdan ýazdyň? —diýip, Perwana soragly nazary bilen seretdi.

Perwana depderini açyp:

— Tomus dynç alşyny geçirişim diýen mowzukdan, mugallym — diýdi.

Mugallym baş atyp:

— Bolýar, hany, oka — diýdi-de, soň bize ýüzlendi — Sizem dykgat bilen diňläň, soňam pikirlerimizi aýdyşarys.

Perwana okap ugrady: Tomus howa gaty yssy bolansoň, biz maşgalamyz bolup demirgazyga — deňziň kenaryna dynç almaga gitdik. Ol ýeriniň gür agaçly tokaýlary, tolkunyp ýatan göm-gök deňzi örän owadan eken. Men uzakly gün onuň kenaryndaky öl çägede…

Perwana düzmesini okap ortalaberende synp otagynyň gapysy ýuwaşja tyrkyldap, haýaljadan açyldy. Geleniň Feribadygy hemmä mälimdi, gijä galyp gelmek onuň endigi ahyry. Ol içeri girip, gapynyň agzynda ýüzüni aşak sallap durşuna, girmäge rugsat sorap elini galdyrdy. Mugallym yşarat edensoň çaltjak ýerine geçip otyrdy. Perwana bolsa arasy kesilen düzmesiniň yzyny okap başlady.

Ahyry düzme okalyp bolundy, mugallym okuwçy gyzyň depderini elinden alyp, oňa baha goýdy.Birnäçe minutlap Perwananyň ýazan düzmesiniň gowy hem-de gowşak taraplary barada birek-birege gezek bermän, jedelleşip söhbet edildi.

Pikir alyşma tamamlanansoň, mugallym ýene žurnalyndaky sanawy yzarlap ugrady, ýene bükgüldim artyp, ýüregim gürsüldäp başlady.Men-ä ýüregimiň urgusy allowarradan hem eşidilýärmikä diýdim. Ýöne, bagtyma, mugallym bu gezegem meniň adymy tutmady.

Ikinji bolup düzme okamak nesibesi gijä galak Feribanyň paýyna düşdi.Aslynda, çaman, dünýäni suw alsa-da, topugyna çykmaýan äwmezek Feriba mekdep torbasyndan depderini çykaryp, ony sallanyp mugallymyň ýanyna eltýänçä-de birnäçe minut geçdi.

Onuň ýazan düzmesi goýun janawaryň peýdasy hakynda eken.

Düzmäniň mowzugyny eşidenden, çagalar alapakyrda berdiler. Mugallym bize gaşlaryny çytyp, gahar bilen seretdi-de: Hany, ýuwaşrak boluň! diýdi, soň Feriba ýüzlendi: Munyň-a kiçi ýaşly çagalaryň ýazjak mowzugy ekeni. Hany, bolsa-da oka, diňläli!

Feriba düzmesini okamaga başlady. Ol düzmesini howlukman, sokduryp, aram-aram säginip okaýardy. Arasynda käbir okan jümlesini iki-üç gezek gaýtalabam goýberýärdi. Şeýde-şeýde, düzmesiniň soňky sözlemine ýetdi: goýun…goýun öý haýwany…ol bize köp peýda…ol bize köp peýda getirýär…

Içimden Feribanyň bu sozma ýaly sozulyp okalýan düzmesiniň tä jaň kakylýança tamamlanmazlygyny isledim. Ýöne onuň zordan bir sahypa ýeteňkirleýän bu düzmesi ahyry gutardy. Mugallym onuň hem depderine baha goýdy. Soňam Feribanyň çuňňur pikirlenmegi başarmanlygy üçin düzmesiniň şeýle gowşak hem ýöntemje çykandygyny aýdyp, bellik etdi.

Sagadyň näçe bolandygyny, jaňa çenli näçe wagt galandygyny bilesim geldi. Ýöne sagadym ýokdy. Sagat üçünji hatarda oturan çagalaryň birinde-hä bardam welin, ýöne çala gobsunsam, birden mugallymyň ünsüni özüme çekäýmäýin, düzmäni soraýmasyn diýip gorkujyma sarsman otyrdym.

Mugallym üçünji okuwçynyň adyny tutmak üçin žurnalyna seredende, oturan oturgyjymdan aşaklygyna syryla-syryla taýyp barşyma, ýagyrnym onuň arkalygynda gizlendi. Ahyry mugallym üçünji okuwçynyň adyny okady: Mina…

Öz adymy eşiden badyma süňňüm gowşap gitdi, dikeldim-de agzymy açyp, gözlerimi tegeläp mugallyma tiňkämi dikdim.

Hanym Naseri bolşumy geňlän bolsa gerek:

— Näme ýaňy ukudan açylan ýaly bolup otyrsyň. Getir dessine düzmäňi, okap başla — diýdi.

Boýnumdan daş asylan ýaly, kynlyk bilen ýerimden galdym.Tutuş bedenim galpyldaýardy.Kynlyk bilen ýuwdunyp, düzmäni ýazmandygymy aýtmak üçin bar güýjümi tijedim. Ýöne, barybir, sesim edil gurruk guýynyň düýbünden çykýan ýaly bolup eşidilse gerek diýdim.

Mugallymyň maňa tarap gönügen çynlakaý nazary meni çykgynsyz günde goýdy.Depderimi bialaç elime aldym-da, synp tagtasyna tarap mytdyldap ugradym.Göwnüme öz oturgyjymdan mugallymyň stoluna çenli aralyk iki şäher arasy ýaly gaty uzak göründi.

Ahyry barmaly ýerime ýetip, ýüzümi çagalara tarap öwrüp durdum.

— Ýagdaýlaryň gowudyr-a? — mugallymyň sesi aladaly çykdy. Salymyny bermän:

— Hä…hawa! — diýdim.

— Şeýle bolawersun hernä, düzmäň näme hakynda? — diýdi.

— Där…där…därbaraýe…där..[1] — diýip sakawlap başladym.

Okuwçylar gyzyl-gyran gülüşmäge başladylar. Mugallym ýüzüni egşitdi:

— Gapy hakynda?!

Men aldygyma başymy ýaýkadym:

— Ýok…ýok…neme hakynda…

Bolmady, dymdym. Düzme ýazmaga ýetişmedim diýjek bolanymam şoldy welin, täze bir pikir kellämden at salyp geçdi. Düzmäni ýatdan okap bermegi ýüregime düwdüm! Käşgä, dünýäniň gurluşy biraz başgaçarak bolsady diýen arzuwym barada esli wagtlap oýlanyp gezenim ýadyma düşdi. Şobada aýtjak sözümi serimde aýladym-da:

— Düzmäni Dünýä niçik bolsa gowy bolardy? diýen mowzukdan ýazdym — diýdim.

Hanym Naseri Bolýar diýen terzde baş atdy, soňam galamynyň ujy bilen stoly tyrkyldadyp:

— Tapan mowzugyň-a gowy eken, özem täze.Hany, oka bakaly! — diýdi. Çagalaryň bary boýunlaryny süýndürip, durşuna gulaga öwrülip maňa seretdiler.Mugallym-da başlaryma garaşyp durdy.

Oýnaklaýan gözlerimi depderimiň galam dürtülmedik boş ak sahypasyna dikdim.Düzmämiň mowzugyny daşymdan ýene bir gezek gaýtalap durşuma, öz ýanymdan aýtjak-diýjegim barada pikir öwürdim.Bir pursat gözümi ýumup, içimden öz-özüme teselli berdim: Gorkma, geple!

Bu mowzuk barada sen sagatlaryňy, günleriňi pikirlene-pikirlene geçiripdiň ahyry, bir ýazga geçirmediň. Çekinme-de, aýdyber!

Gözlerimi ýalpa açdym.Depderimiň gök çyzyklary maňa öýümiziň tereň suwly howzuny ýatlatdy.Düýbi-diwary mawy daş bilen örtülen, içi çyrpynyşýan gyzyl balykly, ýüzünde owunjak tolkunjyklar oýnaýan howzumyz. Özümi ele aldym, pikirlerim durlandy.

Depderimiň boş sahypasy mugallyma görünäýmez ýaly ony gözüme golaýrak tutdum.Indi tolgunmasamam boljakdy, çagalaryňam, mugallymyň hem gözleriniň meniň göreçlerime kaklyşjak gümany ýokdy. Şeýlelikde, “okap” başladym: Gözlerimizi giňden açyp, töweregimizi ýagşyja synlasak oňat bolardy.

Dünýä ajaýyplyklardan hem gözelliklerden pürepür.Mawy asman, patrak kimin ýyldyzlar, saýylan pamyga meňzeş bulutlar, çyrpynýan deňizler, çapak balyklar, başy gök direýän daglar hem sümme tokaýlar.Myrgaja otlar hem mahmal bägüller we…

Bularyň baryny Biribar adamlar üçin ýaratdy. Çünki ol bize mähriban hem bizi juda eý görýär.

Biziň köneje, ýöne owadan öýümiz bar.Men öz öýümizi dünýä meňzedýärin.Kiçijigem bolsa, ol dünýäde ähli zat bar.Dury suwunyň aňyrsyndan ýylmanak mawy daşlary görnüp duran howzumyz deňzi ýada salýar. Ähli gyzyl balyklar bu deňziň eýesi.

Bu deňiz suwsan çagy teşneligini gandyrmaga gelýän kepderilerdir, serçelere-de degişli.Hatda gyzylja dili bilen şarpyldadyp, onuň boýunda suw içýän pişigem bu deňzi özüniňki hasaplaýar.

Howlymyza saýa salýan daragtlar jeňňeljigi ýatladýar diýseňem boljak. Bu jeňňeljik çaýyr-çyrmaşyk bolup gögeren otlara, bark urýan bägüllere, hellewleşýän daragtlara gark bolup otyr. Biziň jeňňelimiz ähli guşlaryň — şahalaryň arasynda höwürtge guran serçeleriňem, hatda belent arçalaryň çür başynda hekemsireşip, gagyldap oturan gara gargalaryňam mesgeni. Tokaýjygymyzyň gülleridir otlarynyň arasy mör-möjejikleriň, tomzajyklardyr garynjajyklaryň mekany.

Men her gün öýümiziň üçegine çykyp, san-sajaksyz ýyldyzly ümmülmez asmany synlaýaryn. Öýümiziň üstüne gerlip duran asmanam diňe biziňki däl, ol hemmäniňki. Her adam asmandan öz ýyldyzyny gözleýär, her agşam oňa seredip arzuw edýär, Alladan arzuwynyň hasyl bolmagyny dileýär.

Men …men çaklaňja dünýä meňzeýän, ejem janyň mährinden, kakam janyň joşgunly gülküsinden dolup-daşýan, körpe jigim Aly jan bilen hezil edip ylgaşyp, begenjimize bäs gelip bilmän şadyýana gygyryşyp oýnaýan öýümizi juda söýýärin.

Men mähriban öýümizi asmandaky ýyldyzlary eý görşüm ýaly gowy görýärin. Şunlukda, öýümiz ýeke meniňki däl bolýan bolsa, onda ol hemmämiziňkidir — kakamyňky, ejemiňki, gyz hem oglan doganlarymyňky, öýümize gelýän ähli myhmanlaryňky.

Az-kem pikirlenmek, indiki aýtjak zatlarymy oýuma getirmek üçin biraz demimi dürsedim.

Mugallym mylaýym sesi bilen:

— Gowy, gowy, dowam ediber! — diýdi.

Ýene “okap” başladym. Çagalar dym-dyrs bolup meni diňleýärdiler. Arasynda kä-ýarym pikirimi jemlemek üçin säginmeli bolýardym. Mugallymyň bar ünsi mendedi. Durşy bilen gulaga öwrülip oturyşyna, wagtal-wagtal berekellamy ýetirýärdi. Onuň öwgüsi kalbyma ýylylyk çaýyp, pikirlerimi dowam etmegime goldaw berdi:

Hany, käşgä, Hudaýyň ýaradan bu uly dünýäsi hem biziň öýümiziň kiçijik dünýäsi ýaly bolsady!Käşgä, ondaky ähli zatlar hemmeleriňki bolsady! Şonda hiç kim gam çekmezdi, gözýaşam dökmezdi. Şeýle bolanda, şatlykdyr gülkem hemmä des-deňje ýeterdi.

Käşgä, hemme adam dünýäni mundan hem ýagşy etmäge ýardam bersedi!Eger biz birek-birege mähirli bolup, hiç bir zady täk özümize degişlidir öýtmesedik, onda dünýä has gowulaşardy.Biri-birimize ýat-ýakyn diýmän, begenjimize-gynanjymyza deň şärik bolsadyk — dünýä durşuna gözellige öwrülerdi.

Birek-biregiň ýüzüne gülüp bakyp, baglarymyzyň bägüllerinden boglan iň owadan çemenleri biri-birimize sowgat bersedik — dünýä diýseň ajaýyplaşardy.Ellerimiziň aýasynyň ýylysy, kalplarymyzyň mähri artyp, birek-birege ýalan sözlemän…ýalan sözlemän…

Sözlemimi soňlap bilmedim.Wyždanymyň çuňluklaryndan çykan ses, ýeňsämde bir ýerlerde ýaňlanan ýaly boldy: ýalan sözlemän…ýalan sözlemän…

Belli-külli dymdym. Depderimiň üstaşyr synpdaşlaryma seretdim. Gözlerini balkyldadyşyp, ümsüm oturyşlaryndan çen tutsaň, düzmäm göwünlerine ýaran bolmaly. Mugallym meni gyssady:

— Hawa, oka-da yzynam!

Depderimi ýapdym-da, gabak astyndan mugallyma seretdim:

— Dowamymy?!… Dowamy ýok. Tamamlap bilmedim.

Mugallym:

— Zyýany ýok.Gaty gowy, hany, süýş öňräk — diýdi.Birhili boldum.Edil batgalykdan ýöräp barýan ýaly aýagymy zordan göterip, öňe ädim urup ugradym. Ýapyk depderimi mugallymyň stolunyň üstünde goýdum.

Boýnumy aşak salladym, ýüzüne göni bakmaga gaýratym çatmady.Mugallym depderimi açyp, ony agdaryşdyrmaga başlanda ýüregim jigläp, başym aýlanyp gitdi.Alaga-da, synp otagynyň gapysyny şarka açyp, bu ýerden basymrak arany açmak üçin aýagaldygyna ylgaberesim, ümdüzine tutduruberesim geldi.

Mugallym häli gygyrar, şindi gygyrar diýip garaşýardym.Ahyry ol başyny galdyrdy:

— Depderiň mende galar. Arakesmede gelip alarsyň.

Şeýlebir howsala düşdüm, edil towlanyp goýberilen ýaly bolup, ýerime nähili geçip oturanymam bilmändirin. Birnäçe minutlap meniň düzmämiň gürrüňini etdiler. Çagalar-a gezekli-gezegine tarypladylar, mugallym-da:

— Mina üýtgeşik hem gyzykly mowzuk tapypdyr, ol barada gowy pikir ýöretmäni hem başarypdyr…— diýdi.

Synpdaşlarym maňa gözügidijilik bilen garap:

— Düzmäň gowy bolansoň, mugallym ony ýany bilen äkitdi. Megerem, beýleki mugallymlara görkezjek bolýandyr — diýişdiler.

Eden işimi içimden bilip duramsoň, olaryň ýüzüne garap ajy ýylgyrdym-da oňaýdym.

Arakesme wagty uly galpyldy bilen mugallymlar otagyna bardym.Mekdep müdirimiz bilen mugallymlar stoluň başynda tegelenişip, süýjüläp çaý içip otyrdylar.Hanym Naseri meni görenden, çaýly käsesi bilen süýjüli gabyny eline alyp, maňa tarap ýöneldi. Özi boş oturgyçlaryň birine geçip oturdy-da, maňa-da oturara ýer görkezdi.

Sortduryp oturyşyma, gözümiň gytagy bilen mugallyma seredýärdim.Düzme depderim elindedi.Getiren käsisidir süýjüli gabyny stoluň bir gyrasynda goýdy.Depderimi waraklap oturyşyna:

— Ulalansoň kim bolmakçy? — diýip sorady. Sowaly birbada ýaýdandyrdy. Az-kem oýlandym-da, burnuma salybrak:

— Ýazyjy — diýip hüňürdedim. Ol eli bilen eňegimden tutup, başymy galdyrdy:

— Örän gowy. Menem şony başararmykaň diýýän. Hany, onsoň, nähili ýazyjy bolmakçy? Gowy ýazyjy bolasyň gelýändir-ä? — diýdi.

Utanjymdan ýaňa gabagymy galdyryp bilemokdym. Bogazym dolup, gözüme ýaş aýlandy. Baş atyp, ýuwaşjadan:

— H…Hawa! — diýdim.

Sahypasy açyk depderimi elime tutdurdy. Ap-ak kagyzyň ýüzünde şeýle ýazgy bardy: düzme üçin: 5-lik, tertibi üçin: …

Dodagymy dişläp dymdym.

— Düzmäňe bahany men goýdum. Tertibiň näçelik baha mynasypdyr öýdýäň?

Mugallymy diňläp oturyşyma, utanjymdan ýere girip barýardym. Näme diýeýin, jogabym ýok.Üstesine-de, şeýle agras ýüzli talapkär mugallymyň özüm bilen mylaýymdan adaja gürleşişine birhili bozuldym. Bogazym dolup, zordan gepledim:

— Bagyşlaň, mugallym, ýalňyşypdyryn. Düýn öýümiz myhmandan doly boldy-da…

Mugallym sözlerime myssa ýylgyrdy:

— Şol kiçijik dünýä meňzeýän, işigi mydama myhmanly öýüňiz! Içinde kiçijik bir ýazyjy ýaşaýan öýüňiz! Ol ýazyjy — özgelere mähribanlyk bilen garaýan hem adamlary ýürekden söýýän ýazyjy. Onuň tertip-düzgünli, iň esasam, dogruçyl bolmagy gerek, dogry dälmi?

Bir damja gözýaş ýaňagymy yzarlap aşaklygyna syrygyp gaýtdy. Kynlyk bilen:

— Hawa…dogruçyl bolmaly… — diýdim.

Mugallym eliniň aýasy bilen gözümiň ýaşyny süpürdi. Soňam bir süýjüni agzyma saldy-da:

— Ynha, görseň, ulalaňda zehinli ýazyjy bolup ýetişersiň. Adamlara mähir paýlaýan, olary bütin süňňi bilen söýýän ýazyjy. Düzme depderiňi-de özüňde aýap sakla, tertibiňe bolsa bahany adamlar goýar.

Mugallymyň sözleriniň asyl manysyna o diýen düşünip barmasam hem, şeýlebir begendim welin, tolgunmadan ýaňa onuň ýaňagyndan öpenimem duýman galdym. Depderimi alyp, daşaryk ýelk ýasadym, şol barşyma-da mekdebiň howlusynda oýun bilen başagaý deň-duşlarymyň arasyna goşulyp gitdim.

Pars dilinden terjime eden

Orazgül GURBANOWA

[1]Pars dilinde där sözi gapy diýmegi, därbaraýe — “hakynda” diýmegi aňladýar . (Terj. bel.)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplygyň 28 ýyllygy mynasybetli gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Eýran Burkina-Fasonyň demirgazygyndaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Kanani Cafi: Zalymlykly sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy ýadro gepleşikleriniň esasy maksady
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez
Soňky günlerde Tripolide bolan çaknyşyklara Eýranyň alada bildirmegi
Amerikanyň Siriýada bikanun bolmagyna we toslamalaryna Eýranyň reaksiýasy