Ilkinji emeli hemrasyny uçurdy

Albaniýanyň ilkinji emeli hemralary ABŞ-nyň Florida ştatyndaky kosmodromdan kosmosa uçuryldy. Ýurduň hökümet başlygy Edi Rama jemgyýetçilik torundaky akkaundyndan bu barada habar berip, degişli suraty hem paýlaşdy. Rama akkundynda Biziň “Albania-1” we “Albania-2” atly emeli hemralarymyzy göterýän “Space X Transporter 6” missiýasy “Falcon 9” raketasy bilen Floridadaky Keýp Kanaweraldan uçuryldy diýip belledi.

Geçen ýylyň sentýabrynda Albaniýanyň Milli raýat goranyş agentligi bilen “Satellogic USA Inc” kompaniýasynyň arasynda bahasy 6 million dollar bolan şertnama gol çekilipdi. Şertnamada ýurduň çägine kosmosdan syn edilmegi üçin tehniki we professional mümkinçiligiň işlenip taýýarlanmagy, geografik maglumat ulgamynyň işlenmegi ýaly ugurlary öz içine alýan “Albania-1” hem-de “Albania-2” diýlip atlandyryljak iki emeli hemranyň 3 ýyllygyna ulanylmagy göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Belgrada Bardy
Albaniýa Bileleşige goşulmakçy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy