Ilkinji möwsümde ilkinji çempionlyk

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 2023-nji ýylyň çempiony belli boldy. 23-nji tapgyrda “Altyn asyr” toparyndan 4-0 hasabynda üstün çykan “Arkadag” topary möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, çempionlygyny yglan etdi.

Duşuşykda “Arkadag” toparyna ýeňiş getiren gollary 44-nji we 68-nji minutlarda Welmyrat Ballakow bilen 58-nji we 60-njy minutlarda Didar Durdyýew geçirdi. Şunlukda, şu möwsümden başlap, ýurdumyzyň çempionatynda çykyş edip başlan “Arkadag” topary ilkinji möwsüminde çempion bolmagy başardy.

Topar geçiren 20 duşuşygynyň ählisinde-de ýeňiş gazanyp, 60 utuk toplady. 5 oýny galan 44 utukly “Altyn asyr” toparynyň birinji orna bolan mümkinçiligi galmady.

Şeýle-de, 23-nji tapgyryň çäginde “Şagadam” öz meýdançasynda “Merwden” 2-1 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýeleriniň gollaryny Mekan Aşyrow (57 p) bilen Guwanç Abylow (78), myhmanlaryň ýeke-täk goluny-da Igor Sekow (37) derwezä girizdi.

Paýtagt derbisinde-de “Köpetdag” bilen “Aşgabat” toparlary duşuşyp, myhmanlar 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda “Aşgabat” toparynyň gollarynyň üçüsini hem Hojanazar Gurbanow derwezä girizip, ol 5-nji, 48-nji, 85-nji minutlarda tapawutlandy. “Köpetdagyň” ýeke-täk goluny bolsa 13-nji minutda Serdar Baýramow öz adyna ýazdyrdy.

Edil şeýle netije “Ahal” bilen “Energetik” toparlarynyň arasyndaky oýunda-da hasaba alyndy. Ilkinji minutlarda garşylykly geçirilen gollardan soň “Ahal” topary 2-nji ýarymyň başynda hem-de ahyrlarynda ýene-de 2 pökgini tora girizmegi başardy. Oýunda “Ahalyň” adyndan Gurbanmuhammet Esenow (2, 46) bilen Begenç Mämiýew (86), “Energetik” toparynyň adyndanam Abdyresul Abdyýew (5) tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Futbol boýunça çempionatynda Altyn asyr topary kümüş medal ugrundaky bäsleşigi dowam etdirip, Köpetdag toparyny ýeňdi
EKSKLÝUZIW: Azatlyk Radiosyna "Gülençidigi" öýdülip tussag edilenleriň Hökümi gowuşdy
AT MYRAT