Ilon Mask Tramp Üçin Miting Gurady

Ilon Mask Tramp Üçin Miting Gurady

Ilon Mask mitinge gatnaşyjylary möhletinde ir ses bermage çagyrdy.

Mitinge gatnaşyjylara maşgala agzalaryny we dostlaryny ses bermek üçin höweslendirmäge çagyran Mask; “Syýasatda işjeň däldim, emma indi syýasy taýdan işjeňleşdim. Sebäbi ABŞ-nyň we medeniýetiň gelejegine howp abanýandygyny pikir edýärin” diýdi.

Çykyşyndan soň gatnaşyklaryň soraglaryna jogap beren Maskyň geçiren mitingi özüne degişli X sosial media platformasyndan hem göni alynyp görkezildi.

Ilon Mask 5-nji oktýabrda Trampyň mitingine gatnaşyp, respublikaçy dalaşgäre goldaw beripdi.

Ýene degişli makalalar

Hytaýdaky altyn ýeňiş we Mongoliýadaky bürünç üstünlik: Maýsa Pardaýewanyň taryhy sepgidi
Sagatda 1000 kilometr tizlik
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Üç ýyl bäri yzygiderli baý
Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy
Mask Osloda geçjek işewürlik agşamlygyndan ýüz öwürdi