Importy çalyşmagyň şowsuzlygy, iki sany wise-premýer wezipesinden boşadyldy, Söwda ministrligine azyk importy üçin 150 milýon dollar berilýär

Importy çalyşmagyň şowsuzlygy, iki sany wise-premýer wezipesinden boşadyldy, Söwda ministrligine azyk importy üçin 150 milýon dollar berilýär

6-njy iýunda prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi diýip döwlet täzelikler gullugy TDH maglumat berýär.

Ykdysadyýete we mailýe gözegçilik edýän wise-premýet Muhammetguly Muhammedow önümçilik önümleriniň (11,5 göterim),bölekleýin (10,6 göterim) we daşary haryt (41,8 göterim) dolanşyklarynyň, zähmet haklarynyň (10,4 göterim) ösendigi barada hasabat berdi.

Bu maglumatlar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende göterim hökmünde berilsede, takyk mazmun aňlatmaýar.

Aýratynlykda Muhammedow,ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligi we olaryň ätiýaçlary mowzugyna hem degip geçdi. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin geljek ýylyň býujetinde ýeterlik’ maliýeleşdirme göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ilatyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin telekeçileri goldamaga 150 milýon dollar bölüp bermegi we şonçada Söwda minsitrliginiň zerur azyk önümlerini satyn almagyna bermegi prezident buýurdy.

Wise-premýeriň sözlerine görä, häzir towuk etini we ýumurtgany esasan, Senagatçylar we Telekeçiler bileleşiginiň agzalary öndürýärler. Bu önümçilgi ösdürmek üçin wise-premýer iýmlik däne, mekgejöwen we soýo üçin ýer bölüp bermegi teklip etdi.

Kiçi Berdimuhamedow teklibi goldady.

Mundan soňra Agrosenagat toplumyna gözegçilik edýan Esenmyrat Orazgeldiýew hasabat berdi. Ol oba hojalyk we azyk önümçiliginiň möçberi barada gürrüň berdi.

TDH bu babatda geçen ýylyň maglumatlaryny hem takyklamady.

Prezident öz orunbasarynyň işinden närza bolmagynda galdy: oba hojalyk önümleriniň öndürilişini ösdürmek barada esasy wesipe berjaý edilmedi,oba hojalyk önümçiliginiň maliýe ýagdaýlary ýabygorly’ bolmagynda galýar,reformalar üçin bölünip berlen sermaýa kanagatlanarsyz ulanyldy, oba hojalygyny we ilatly nokatlary suw bilen üpjün etmek meselesi aýratyn ýaramaz’ çözülýär.

Berdimuhamedow ekin meýdanlarynyň ýaramaz melorasiýa ýagdaýlaryny,topragyň düzludygyny, arassalanmadyk zeýkeş kanallaryny sanap geçdi.

Şol sebäpli, Daşoguz welaýatynda öz wagtynda pagta ekilmedi.

Netijede, “işde goýberen kemçilikleri üçin” Orazgeldiýew wezipesinden boşadyldy.

Şeýlede Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi Begmyrat Arazow işden boşadyldy, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nyýazmyrat Nyýazmyradow bolsa, ahyrky duýduryş bilen berk käýinç aldy.

AST boýunça wise-premýer edilip, prezidentiň oba hojalyk meseleleri boýunça öňki maslahatçysy Annamyrat Ýazgeldiýew bellendi.

Daşoguzyň Boldumsaz etrabynyň täze häkimi sebitiň ýolbaşçysynyň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýew boldy.

Prezident söwda boýunça wise-premýer Çary Gylyjowyň işine aýratyn nägilelik bildirdi. Gylyjow golastyndaky gurluşlara gözegçiligini, ilatyň harç edýän harytlarynyň önümçiligini ösdürmek boýunça işleri, aýratynam oba hojalyk önümleriniň, söwda pudagyna sanlaşdyrma ulgamynyň ornaşdyrylandygyna garamazdan, döwrebap üpjünçilik düzülmeýär.Bu bolsa, kanun bozma getirýär diýip prezident aýdýar.

Mundan başgada, prezident “bar bolan uly mümkinçiliklere garamazdan”, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerine önümleriň öndürilişiniň gowşakdygyny belledi.

Prezident ähli nägileliklerini beýan edip, “ işde goýberen kemçilikleri” üçin Orazgeldiýewi wezipesinden boşatdy.

Onuň ýerine häzire çenli baş prokuror bolan Maksat Atdaýew bellendi.

Atdaýewiň ornuna häzire çenli baş prokuroryň orunbasary bolan, ýustisiýanyň ýokary geňeşçisi Begmyrat Begmyradow bellendi.The post Importy çalyşmagyň şowsuzlygy, iki sany wise-premýer wezipesinden boşadyldy, Söwda ministrligine azyk importy üçin 150 milýon dollar berilýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Rysgal-bereketli, döwletli Watan