Imran Han 5 Ýyl Möhlet Bilen Syýasatdan Çetleşdirildi

Imran Han 5 Ýyl Möhlet Bilen Syýasatdan Çetleşdirildi

Saýlaw toparynyň beýannamasynda Hanyň kazyýet tarapyndan galplyk etmekde günäkär diýlip tapylandygyna üns çekilip, degişli kanunlara görä Hanyň syýasatdan 5 ýyl möhlet bilen çetleşdirilmegine karar berilendigi aýdylýar.

Yslamabadyň Ýokary kazyýeti premýer-ministr bolup işlän döwründe Hany, alan 490 müň dollar gymmatyndaky sowgatlary satmakdan we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakdan günäli tapyp, ony üç ýyl azatlykdan mahrum edipdi.

Pakistanyň polisi 5-nji awgustda kazyýetiň kararyna laýyklykda Hany Lahor şäherindäki öýünde tussag edipdi.

2022-nji ýylyň 10-njy aprelinde Pakistanyň Parlamentinde geçirilen ynam sese goýulşygynda 174 garşy ses alan Imran Hanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet iş başyndan çetleşdirilipdi.

Ýurtda üç döwür premýer-ministrlik eden Nawaz Şerifiň dogany Şahbaz Şerif Mejlisde 2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen sese goýulşykda 174 ses alyp, esasy köplügiň goldawy bilen premýer-ministrlige saýlanypdy.

Ýene degişli makalalar

Şerifiň,Hindistan Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýäris diýmegi
"Imran Han" -y goldaýan demonstrasiýalar dowam edýär
Imran Han möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi barada çagyryş berdi
“Alla Biziň Doganlarymyzy Ysraýylyň Zulumyndan Halas Etsin”
Pakistanda Premýer-ministr Imran Hanyň Wezipesinden Boşadylmagyna Garşy Ýöriş Geçirildi
11-nji aprelde Pakistanyň Mejlisi täze premýer-ministri saýlar