Iň köp ýasalýan origami

Kagyzy eplemek arkaly ýasalýan şekillere origami diýilýär.Uçar ýa-da gämi ýasamak aňsat hem bolsa, kagyzdan has çylşyrymly şekilleri hem ýasap bolýar.XVII asyrda Ýaponiýada peýda bolan origami soňky ýyllarda sungat derejesine ýetýär. Ýapon dilinde kagyz diýmegi aňladýan bu söz beýleki dillere adalga hökmünde geçdi.

Origamide, esasan, bir bölek kagyzdan diňe eplemek arkaly has çylşyrymly şekilleriň ýasalmagy maksat edinilýär.Emma muňa garamazdan, kagyzlary ýelmemek, kesmek arkaly has uly we üýtgeşik şekiller hem döredilýär.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde, kiçi ýaşdan başlap bu usuly öwrenmegiň peýdasynyň uludygy anyklandy.Esasan hem, origami bilen meşgullanmak ünsüňi jemlemegi öwrenmäge ýardam edýär.Sebäbi, origami gaýtalanýan zadyň yzygiderliligini unutmazlygy talap edýär. Şeýle hem origami geometrik şekilleri hem öwrenmäge goşant goşýar.

Sebäbi, eplenen kagyzlardan dürli şekiller emele gelýär. Üçburçluk, dörtburçluk, konus ýaly adalgalary we olaryň manylaryny hakykat ýüzünde görmäge mümkinçiligiň döremegi çagada geometriýa sapagyna gyzyklanmany artdyrýar.Origamide kagyzlary belli yzygiderlilikde we dürs eplemek hökmandyr.

Bu ýagdaý çaganyň el hereketleriniň kämilleşmegine oňyn täsir edýär.

Müňlerçe şekil ýasalýan hem bolsa, ganat kakýan leglek iň köp ýasalýan origami hasaplanýar. Sebäbi, bu jandar ýapon medeniýetinde parahatçylygyň simwoly hasaplanýar.

Geliň, kagyzdan ganat kakýan

guşuň şekilini ýasamagy öwreneliň!

1. Ilki bilen dört tarapy deň bolan kagyz almaly. Şekilde görkezilişi ýaly kagyzy ortadan epläň we epini ýazyň, soňra beýleki tarapyny hem epläp açyň! Soňra iki burçundan hem edil şolar ýaly epläň we epinlerini açyň!

2. Kagyzy diagonal şekilli (bir burçy ýokaryk) bolar ýaly öwrüň, ýokarky burçuny aşaklygyna getirip, çep we sag burçlary aşaklygyna epiň! Şeýlelikde, kagyzdan dörtburçluk emele gelýär.

3. Dört eplenen kagyzyň açyk tarapyny aşak öwrüň! Sag, çep we ýokarky ganatyny orta tarap epläň!

4. Sag, çep we ýokarky ganatlary açyň! Iki tarapynyň hem aşaky burçuny ýokary galdyryň!

5. Aşaky çep we sag burçlary orta tarap epläň!

6. Aşaky sag tarapyny epläp guşuň kellesini, çep tarapyny epläp, guýrugyny emele getiriň!

7. Ýokarsyndaky ganatlaryny emaý bilen açsaňyz ganat kakýan guşuň şekili emele geler.

Ýene degişli makalalar

Russiýalylar kagyz kitaplary köp okap başladylar
Spiegel: Şolsuň goňşulary zibil gutudan G7-ligiň gizlin resminamalaryny tapdylar
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (38-nji bölüm)
Batbörek: kim, haçan oýlap tapdy?
Netflix Şa zenanyň ýörişi hem-de Kagyz jaý seriallarynyň esasynda oýunlary çykarar
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (30-njy bölüm)
Kagyz ýaly eplenýän ekran