Iň meşhur kompýuter we noutbuk öndürijileriniň reýtingi täzelendi

Iň meşhur kompýuter we noutbuk öndürijileriniň reýtingi täzelendi

IDC gözleg firmasynyň hünärmenleri 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde haýsy kompýuter we noutbuk öndürijileriniň has meşhur bolandygyny anyklamak üçin täze gözleg geçirdiler. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Reýtingde, takmynan, 19,8 million enjamy (dünýä möçberiniň 22,8 göterimi) bazara çykaran “Lenovo” birinji ýerde durýar. Ikinji orunda HP (17,6 million enjam, 20,3%), üçünji orunda Dell (takmynan, 15,2 million enjam, 26,6%) ýerleşdi.

Umuman alanyňda, bu döwürde dünýäde 86 milliondan gowrak kompýuter, şol sanda noutbuklar we iş stansiýalary bazara çykdy. "Reseller News"-yň habaryna görä, bu görkeziji, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,9% köpdür. Häzirki wagtda dünýä bazarynyň mikroshemalaryň ýetmezçiliginden halas bolmaga çalyşýandygyny göz öňünde tutsaň, bu juda gel galdyryjydyr.

Ýene degişli makalalar

Kompýuter satuwy rekord derejede ýokarlandy
2022-nji ýylyň birinji çärýeginde global PK üpjünçiligi pese gaçdy
Türkmenistanda HP we Lenovo noutbuklaryny 15%-e çenli arzan almak mümkinçiligi döredildi
Günbatar Ýewropada noutbuk satuwy dörtden bir peseldi
Dünýäde şahsy kompýuterleriň satuwy III çärýekde rekord derejede peseldi
28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal