Iň täsin ösümlikler

Käbir ösümlikleri mör-möjekler ýa-da beýleki haýwanlar iýmeýär, olaryň özleri mör-möjekler bilen iýmitlenýär.Siňekdir arylar bilen iýmitlenýän otlar barada ozal hem eşidensiňiz.Emma Ýer ýüzünde şeýle ösümlikleriň sanynyň 700-den hem köpdügini eşidipmidiňiz?

Olaryň käbiri barada gysgaça maglumaty dykgatyňyza ýetirýäris.Küýze ösümligi: küýze şekilli gozasy bolan bu täsin ösümlikler diňe ownuk mör-möjekleri däl, eýsem gurbagalary hem awlaýar.Onuň gülleri gurbaganyň aýaklarynyň diňe hamyny siňdirip bilmeýär. Ösümligiň 100 töweregi görnüşler bar.Siňek gapany: bu ösümligiň hakyky gapana meňzeş ýapraklary bolup, oňa gonan siňekleri we beýleki mör-möjekleri duzaga düşürýär.

Olaryň halas bolmak üçin eden hereketleri has aşak gitmegini çaltlandyrýar.Ýaşyl küýze ösümligi: bu ösümligiň aşaklygyna çürelip gidýän gozalary bolup, onuň içi ýagyş suwy bilen dolýar.Mör-möjekler onuň içine girýärler, emma yzyna çykmaýarlar.Kepjebaş liliýasy: ösümligiň üsti ýapyk egri gozalaryna giren jandar yzyna çykyp bilmeýär.

Gozanyň aňyrsy görünýän aýna ýaly dury ýeri bolup, şondan çykmaga synanyşýan siňek barha çümýär.Ýagly ýaprajyk: bu ösümlige latynça “kiçijik ýagly” diýmegi aňladýan “pinguicula” diýilýär.Daşyndan seredilende semzege meňzeýän otuň ýapraklarynda ýukajyk ýelimli tüýjagazlar bar.

Oňa ýelmeşen mör-möjegiň halas boljak gümany ýok.Maýmyn käsesi: Madagaskarda, günorta-gündogar Aziýada we Awstraliýada bu ösümligiň 140-dan gowrak görnüşi ösýär. Ösümligiň ady maýmynlaryň onuň içindäki suwuklygy içýänligi sebäpli dakylypdyr.

Bu ösümlik kiçijik gurçuklar we liçinkalar bilen iýmitlenýär.Awstraliýa rosýankasy: esasan, batgalyk ýerlerde bitýän bu otuň ýapraklaryndaky ýagyş damjalaryna meňzeş suwuklyklar suwsan möjejikleri özüne çekýär.Emma bu damjalar ýelim ýaly bolup, gonan aryny sypdyrmaýar.Ýüzýän uly köpürjik: bu ösümlikler suwda ösüp, onuň saryja gülleri suwda ýaşaýan mör-möjekleri özüne çekýär.

Ýene degişli makalalar

Madagaskarda Tupan Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 18 Adama Ýetdi
Euronews: gülgüne flamingolar Türkmenistanda gyşlamazdan öň Karaköl kölüne geldiler
Türkmenistan Minsk traktor zawodynyň ýörite tehnikalaryny satyn aldy
BMG dünýäniň 23 ýurdunda açlyk howpunyň höküm sürýändigi barada duýduryş berdi
Suwsuzlyga çydamly ösümlikler
Aýna ýaly kebelek