Iň uly mawy göwher 44 million dollara satyldy

Ženewadaky auksionda agramy 17,61 karat bolan açyk-gök “Bleu Royal” göwheri 43,8 million dollara satyldy.

Auksion öýüniň wekilleriniň pikiriçe, geleşik rekord möhletde – ýedi minutda telefon arkaly tamamlandy. Gymmat bahaly daşy satyn alyjy, adynyň aýdylmazlygyny haýyş etdi. Auksionçylaryň özleri bu daşy iň owadan göwher diýip baha berdiler we ondan, takmynan, 50 million dollar gazanmaga almaga bil bagladylar. Şeýle-de bolsa, auksion öýüniň Ýewropa bölüminiň wekili Fransua Kýurieliň pikiriçe, olar bu netijeden hoşal boldular.

“Bleu Royal” soňky ýyllarda bazara çykan iň gymmat göwher hasaplanmaýar. Şeýle-de bolsa, göwher ululygy bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Göwher, takmynan 50 ýyllap hususy kolleksiýada saklandy.

Ýene degişli makalalar

Coca-Cola kärhanasy käbir önümleriniň yzyna ugradylmagyny isledi
HD ölçegli telewizora tomaşa etmeklik uglerod zyňyndylaryny sekiz esse ýokarlandyrýar
Aşgabatdaky Tudors dükany erkekler üçin ysy durnukly atyrlaryň dürli görnüşlerini tanyşdyrýar
Alymlar umumy meýdany 180 inedördül metr bolan dünýädäki iň uly ösümligi tapdylar
“Shell” ýokary girdeji hasaba aldy
Psihologlar köplügiň hereketini öňünden çaklamagy öwrendiler