Indoneziýada tüwi üçin uzyn nobat döredi

Indoneziýada tüwi üçin uzyn nobat döredi

Indoneziýalylar Jakartanyň eteginde tüwini ýeňillikli bahadan satyn almak üçin uzyn nobata durdular. Önümiň bahasyndaky tapawudy döwlet dolýar. Sebäbi 2023-nji ýyldaky güýçli guraklyk hasylyň pese gaçmagyna getirdi, netijede dükanlarda onuň bahasy 20 göterime golaý gymmatlady. Adamlar tüwini arzanladylan bahadan satyn almak üçin sagatlap nobata durýarlar.

Marokkoda bolsa, guraklyk sebäpli suw howdanlary gurady. Ýurt suwuň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirýär, şeýle ýagdaý 1994-nji ýyldan bäri bolmandy.

Suw tygşytlamak üçin ýurtda ähli jemgyýetçilik hammamlary ýapyldy diýip, M24.ru saýty habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gowy 50 myhmanhanasy
Halkara olimpiadalar üstünlikleriň batly gadamy
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentini ýurda sapar bilen gelmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Prezident Erdogan Indoneziýa Bardy
Ýewropadaky iň belent Täze ýyl arçalary belli edildi