Indoneziýanyň Täze Paýtagtynyň Ady Nusantara Bolar

Indoneziýanyň Täze Paýtagtynyň Ady Nusantara Bolar

İňlis gazeti “Guardianyň” habar bermegine görä Milli galkynyşy meýillaşdiriş ministri Şuharso Monoarfa döwlet Ýolbaşçysy Žoko Widodonyň “adalar toplumy” manysyny aňladýan “Nusantara” adyny Indoneziýanyň geografik gurluşyny beýan edýändigi we halkara simwollyga eýedigi üçin saýlap alandygyny beýan etdi.

Mejlisde täze paýtagt hakyndaky kanunuň şu gün kabul edilmeginden soň Nusantaranyň gurluşygyna başlanmagyny meýilleşdirilýär.

Meýilnamanyň hökümet binalarynyn göçürilmeginden soň 2024-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

Indoneziýanyň hökümeti häzirki paýtagt Žakartany 10 million ilaty, her ýyl gelýän sil apaty, infrastrukturadaky kynçylyklar we ýer asty suwuň aşa köp ulanylmagy sebäpli şäheriň demirgazyk etraplarynyň çaltlyk bilen çökmegine sebäp bolýandygy üçin göçürmek isleýär.

Daşky gurşaw aktiwistleri paýtagty göçürmegiň orangutanyň, gün aýylarynyň we uzyn burunly maýmynlaryň watany bolan tokaýlykda ýerleşýän GÜndogar Kalimantanda tebigatyň hapalanmagyna sebäp boljakdygyny beýan edýärler.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýanyň täze paýtagtynda diňe ekologiýa taýdan arassa ulaglara rugsat berler
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERI BMG BILEN HYZMATDAŞLYKDA OWGANYSTANA GOLDAW BERMEGI DOWAM ETDIRER
Merkezi Aziýanyň döwletleri Owganystanda howpsuzlygy pugtalandyrmagy maslahatlaşýarlar
Gök çaýmy, gara çaý?
Kadaly iýmitleniş
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary