Iner Store onlaýn-dükanyna amatly bahadan elektrik ýyladyjylary gelip gowuşdy

Iner Store onlaýn-dükanyna amatly bahadan elektrik ýyladyjylary gelip gowuşdy

Penjiräniň daşynda güýz, belki-de: Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi gyş diýen parasatly nakyla eýermegiň wagty gelendir. Türkmenistanlylar Iner Store internet-dükanynyň kömegi bilen sowuk howanyň gelmegine taýýarlanyp, şol bir wagtyň özünde pullaryny we wagtlaryny tygşytlap bilerler.

Ykjam programmada täze harytlar hödürlenýär olaryň hatarynda ýag radiatorlary, kwars we infragyzyl nusgalary, şeýle hem ykjam ýylylyk wentilýatorlaryny öz içine alýan elektrik gyzdyryjylary bar.

Iner Store dükanynda iki ýa-da ondan köp gyzdyryjy satyn alnanda, 10% -e çenli tygşytlap bolýandygyny bellemek gerekdir.

Ýyladyş enjamlaryndan başga-da, Hojalyk tehnikalary bölüminde elektrik çäýnekleriniň, Wi-Fi routerleriň, blenderleriň, gözellik enjamlarynyň we başga-da köp sanly harytlaryň baý görnüşleri hödürlenýär.

Satyn almazdan ozal, müşderi gönüden-göni önümiň işleýändigine göz ýetirmeli. Enjam döwük çykan ýagdaýynda, Iner Store dükanynyň işgärleri enjamlary çalşarlar ýa-da başga görnüşini hödürlärler.

Iner Store platformasy şu ýylyň tomsunda işe girizildi. Ykjam programma lomaý bahadan azyk däl harytlaryň söwdasyna ýöriteleşendir.

Iner Store ykjam programmasyny App Store we Play Market-den ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Iner Store türkmenistanlylara dekabr arzanladyşyndan peýdalanmagy teklip edýär
Mary: Internet üpjünçiligi bökdelýär
Iner Store onlaýn dükany Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli harytlaryny 20%-e çenli arzanlatdy
“Ak Depe Hyzmat” ýogurtlaryň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy
Magtymguly ýylynyň nyşany we 10$. Türkmenistan uruş weteranlaryny 'sylaglady'
Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 175-nji orny eýeledi