Iňlis dili mugallymlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik

Iňlis dili mugallymlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdepde etrabyň iňlis dili mugallymlarynyň arasynda Iň gowy usuly gollanma atly bäsleşik geçirildi.

Daşary ýurt dilini okatmagyň täsirli usulyny amal edýän we bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ulanmagy başarýan iň gowy pedagoglary ýüze çykarmak çäräniň esasy maksady boldy.Bäsleşige gatnaşan mugallymlar emin agzalaryna iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullary, interaktiw oýunlar, sanly platformalaryň sapaklarda ulanylyşy, şeýle-de iňlis diliniň grammatikasy, söz baýlygy, diňläp düşünmek we gepleşik ukyplary boýunça özleriniň taýýarlan usuly gollanmalaryny hödürlediler.

Bäsleşigiň netijesi boýunça aýratyn saýlanan mugallymlara etrap bilim bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.Guramaçylar şeýle çäreleriň geçirilmeginiň hünär tejribesini paýlaşmaga, pedagogiki ussatlygyň ýokarlanmagyna we sebitde ýerleşýän mekdeplerde iňlis dilini okatmagyň geljekde kämilleşdirilmegine ýardam berýändigini aýratyn belläp geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Gyzylarbatda bugdaý oragynda pajygaly ýagdaý ýüze çykdy, adam ölümine getirdi
Günbatar sebitde galla oragy gyzgalaňly barýar
Medeniýet hepdeligi — 2026: ikinji gün
Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär
Türkmenistanda turan güýçli ýel elektrik üpjünçiligine, jaýlara we ekerançylyga zyýan ýetirdi
Balkan-Aşgabat ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam heläk boldy