Ýarymgeçiriji önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Intel” täze ylmy-barlag merkezini gurmak üçin 700 million dollar bölüp berer.Müşderilere dürli mümkinçilikleri hödürlejek desga geljek ýyl hyzmata hödürlener.
ABŞ-nyň Oregon ştatyndaky “Jones Farm” toplumynda 200 müň inedördül metr meýdanda guruljak desga maglumat merkezleri üçin ýylylygy gaýtadan “tutmak” we peýdalanmak, sowatmak we suwuň tygşytly ulanylmagy ýaly ugurlarda täze innowasiýalar döreder.
Soňky ýyllarda awtoulag we elektron enjam senagatynda çiplere bolan islegiň ýokarlanmagy iri kompaniýalaryň täze önümçilik desgalar gurmagyna itergi berdi. Şeýle hem kompaniýalar has netijeli çipleri işläp taýýarlamak üçin tagalla edýär.
Mälim bolşy ýaly, internet ulgamyndaky maglumatlar äpet uly desgalar bolan maglumat merkezlerinde saklanýar. Bu desgalar has köp energiýa talap edýär. Şol sebäpli olar suwuň içinde ýa-da sowuk ýerlerde gurulýar. Häzirki wagtda maglumatlar gymmatly “haryda” öwrülip barýar. Şeýle bolansoň, ýokary göwrümli maglumat merkezleriniň ähmiýeti barha artýar.
Begmämmet Ilmyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
