
Türkmen häkimiýetleri internete, türkmenistanlylaryň garaşsyz maglumat almak tagallalaryna garşy alyp barýan göreşlerini dowam etdirýärler, internete edilýän gözegçilik Gurban baýramyndan soň ýene güýçlendirildi diýip, Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysy habar berdi. Şu aralykda Lebapda IT hünärmenlerine garşy ulanylýan polisiýa, para basyşlary güýçlendi.
Türkmenabatda maglumat tehnologiýasy bilen meşgullanýan ýaşlary gorkuzyp, para bermäge mejbur etmek synanyşyklary güýçlenýär diýip, sebitdäki habarçymyz ýazýar.
Internete edilýän gözegçilik VPN petiklenmeleriniň gaýtadan güýçlenmegi, internetiň aşa haýallap başlamagy bilen, il arasynda derrew dile düşdi.
“VPN diňe gijelerine işleýär, sebäbi gündizlerine berilýän internet haýal we ulanyjy köp bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi adamlaryň bu ýagdaýdan gaty nägile bolýandygyny aýtdy.
MHM hünärmenleriň telefonlaryny 'tutýar'“Günbatar sebitiň Balkanabat, Türkmenbaşy ýaly uly şäherlerinde VPN satýan ussalara garşy reýdler başlandy, tölegli kod arkaly satylýan VPN-leri ulanyjylary anyklaýarlar, MHM işgärleri olaryň el telefonlaryny wagtlaýyn alyp, öz ýanlarynda goýýarlar” diýip, VPN ussasy öz tejribesini gürrüň berdi.
Barlaglar garaşylmadyk ýerden, 12-nji iýundan soň güýçlendi we Azatlyk bilen gürleşen hünärmenler onuň Ysraýylyň Eýrana eden hüjümi, Tähranyň beren gaýtawuly we internet habarlarynyň aşagyndaky teswirlerde aýdylýan pikirler bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
“...Eýranyň türkmen dilli internet ulanyjylary we türkmen internet ulanyjylary Günbatar we ABŞ döwleti hakda rus we eýran metbugatynda aýdylýan pikirlere meňzeş pikirleri we sözleri gaýtalap başlady.Türkmenistan Euronews telekanalyny ähli platformadan, Horjun TW we Kabel TW-lerinden aýyrdy ýa-da konflikt gutarýança petikledi” diýip, hünärmen VPN elýeterliliginiň azalmagynyň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň 12-nji iýundan bäri Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi bilen birnäçe gezek duşuşan wagtyna gabat gelendigini hem sözüne goşdy.
Şu aralykda, sebitdäki habarçymyz bilen gürleşen hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Türkmenabatda we onuň golaýyndaky etraplarda ýaş hünärmenleri gorkuzmak synanyşyklary güýçlendi. Ýöne bu basyş Eýrandaky ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolup görünmeýär.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe “freelancer” hünärmen, daşary ýurt kompaniýalarynda işleýändikleri sebäpli, polisiýanyň bikanun ýanamalaryna sezewar bolýandyklaryny aýtdylar.
'Aýda 3 müň manada arkaýyn işläp bilersiň'“Men daşary ýurt kompaniýasy bilen onlaýn işleşýän.VPN hyzmatlaryny ulanýaryn, sebäbi ýurtda internet elýeterliligi ýok diýen ýaly.Her aý ortaça 250 dollar töleýärin, ýöne soňky 3 aý bäri şäher polisiýasynyň bir işgäri her aýda 200 dollar ber, bolmasa işiňi Milli howpsuzlyk ministrligine tabşyraryn’ diýip, şantaž edýär.
Ilki gorkup berdim...” diýip, türkmenabatly 28 ýaşly IT hünärmeni Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Ol degişli guramalara açyk ýüz tutup, arz edip bilmeýändigini, sebäbi “pogonlylaryň biri-birini goraýandygyny”, käte öz işinden el çekmegiň pikirini edýändigini hem sözüne goşdy.
Azatlyk bilen gürleşen ikinji hünärmen bu ýagdaýy tassyklady we, polisiýanyň özüne 3 müň manada arkaýyn işlemegi’ teklip edendigini aýtdy.
“Maý aýynda polisiýa işgäri çagyryp, Sen gowy oglan, işiňi MHM-ä geçirjek däl. Ýöne, arkaýyn işlejek bolsaň, her aý maňa 3 müň manat geçirmeli bolarsyň. Bolmasa, özüň bilýäň, MHM-niň eline düşseň, ýurtda gadagan edilen saýtlar bilen işleşmekde hem aýyplanyp bilersiň’ diýdi.”
Azatlyk öýünde kompýuteriň apparat üpjünçiligi bilen baglanyşykly problemalaryny çözmek bilen meşgullanýan hünärmeniň we beýleki hünärmenleriň atlaryny, ýaşaýan etraplaryny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.
Türkmenistanda internet çäklendirmeleriniň we adamlary gorkuzmagyň uzak taryhy bolup, olar hökümet syýasaty bilen-de, şol bir wagtda diňe hukuk goraýjylaryň bikanun gazanç etmek islegi bilen-de bagly bolup bilýär.
Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, bu ýagdaýlar barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.