Internet trafigi Gazagystan arkaly Türkmenistana gider

Internet trafigi Gazagystan arkaly Türkmenistana gider

Aşgabatda “Jusan Mobile” paýdarlar jemgyýeti we “Türkmentelekom” EDŞ Gazagystanyň we Türkmenistanyň araçäginde kabel serhet geçelgesini gurmak hem telekommunikasiýa ulgamlaryny gurmak niýeti bilen ylalaşyga gol goýdular.

Bu dabara Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow we Gazagystanyň prezidenti Tokaýew dagy hem gatnaşdylar diýip 25-nji oktiýabrda Informburo.kz habar gullugy maglumat beripdi.

Şol taslamany durmuşa geçirmek halkara telearagatnaşyk telekeçiliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen.

“Temir-Baba serhet geçelgesindäki telearagatnaşyk torlarynyň birleşmegi iki ýurdyň telearagatnaşyk ulgamlaryny birleşdirmegiň ilkinji tapgyryndan biri bolar we özara bähbitli ses trafiginiň geçmegine mümkinçilik döreder, “Jusan Mobile” paýdarlar jemgyýeti arkaly Türkmenistanyň, Owganystanyň we Eýranyň torlaryndan internet trafigini gurnamaga, şeýle hem Gazagystanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Russiýa, Ýewropa hem günorta-gündogar Aziýa ugurlarda Türkmenistana tranzit üpjün ediler” diýip “Jusan Mobeliň” beýannamasynda aýdylýar.

Mundan bir gün owal Gazagystanyň prezidenti Türkmenistana iki günlik döwlet sapary bilen gelipdi.The post Internet trafigi Gazagystan arkaly Türkmenistana gider first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Mämmethan Çakyýew: “Türkmenistan ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär”
Gazagystana gidýän türkmenleriň köpelmegi bilen, howpsuzlyk gulluklarynyň syýahatçylara basyşlary artýar
Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
“Miras” žurnaly halkymyzyň taryhy-medeni geçmişi barada
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi