Internetde köpelýän türkmen kitaplary 'ruhy açlygyň' boýun alynmagy hasaplanyp bilermi?

Internetde köpelýän türkmen kitaplary  'ruhy açlygyň' boýun alynmagy hasaplanyp bilermi?

Sosial ulgamlarda güýçlenýän türkmen sesleriniň, köpelýän pikir, garaýyş dürlüliginiň arasynda, soňky birnäçe ýylda edilen ýerli tagallalar internetde, şol sanda YouTube kanalynda elýeterli bolan türkmen kitaplarynyň, hususan-da audio kitaplarynyň köpelmegine alyp geldi.

Synçylaryň käbiri türkmen taryhyna degişli kitaplaryň, beýleki eserleriň barha kän elýeterli bolmagynyň begendirýändigini aýtsa, beýlekileri bu ýerde bir topar soragyň, şol sanda awtorlyk hukuklary baradaky soragyň hem jogapsyz galýandygyny aýdýar.

Türkmen sowet ýazyjylarynyň, beýleki awtorlaryň öňki ýyllarda çap edilen kitaplarynyň onlarçasynyň birden diýen ýaly, birnäçe aý içinde internete çykmagy, çeper höwesjeň awtorlaryň çap edýän wideolary, blogçylaryň çykyşlary ýurtda uzak wagt saklanan suslugy, “bir adamyň sesi ýa wagzy” bilen bagly ýagdaýy ýuwaş-ýuwaşdan üýtgedip, sagdyn pikirlenýän we pikirini açyk aýtmaga ýürek edýän adamlary has köpeldip biler diýýän synçylar hem bar.

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, bu ýerde awtorlyk hukuklary barada bir topar sorag döreýär. Kabul edilen kanunlar awtorlaryň hukuklaryny kepillendirýän hem bolsa, sowet döwründe-de, ondan soňam döredijilik adamlarynyň, halka ruhy baýlyk beren adamlaryň haky uzak wagt bäri kemsidilip gelýär.

“Sowet döwründe-de, ondan soňam köp adam halka beren ruhy önüminiň hakyky hözirini görüp bilmän, mätäçlikde ýaşady.Olaryň yzynda miras galdyran aýdym-sazlary, beýleki eserleri şu günlerem halka hyzmat edýär, ruhy teşneligi gandyrýar...

Emma bu eserleri döreden adamlaryň awtorlyk haky, hukuklary, olaryň çagalarynyň haky barada gürrüň edilmeli bolsa, ne döwletiň, ne-de kanunlaryň berjaý edilmegine gözegçilik etmeli emeldarlaryň sesi eşidilýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ýazyjy, 60-dan geçen gazet işgäri aýtdy.

Türkmen aýdym-sazlarynyň, türkmen dilinde ýazylan makalalaryň, kitaplaryň, çeper eserleriň internete çykarylmagy, has giň auditoriýa ýetirilmegi, üzlem-saplam ýagdaýda bolsa-da, has öň başlandy.Synçylar munuň umuman gowy başlangyç bolandygyny, şol bir wagtda ol önümleri döreden adamlaryň, olaryň yzynda galan çagalarynyň göwnüni göterendigini aýdýarlar.

Munuň sebäbi ýurtda döredilen şahsyýet kultunyň döredijilige ömür beren adamlary has yzky hatarlara iteklemegi, olaryň, eger waspçylyga goşulmasalar, gerekmejek adamlara öwrülmegi bilen düşündirilýär.

Azatlyk ýurtda döredijilik azatlygyna urlan agyr zarbalar barada ýyllar boýy mesele gozgaýar we, gelip gowuşýan habarlara görä, Türkmenistanda döredilen “gara sanaw”, döwlet senzurasy soňky otuz ýylda jemgyýetiň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini has giň we çuň açýan eserleriň çekerlerde baslygyp galmagyna sebäp boldy.

“SSSR-iň dargamagynyň öň ýanyndaky ýyllarda ozal gadagan edilen eserleriň uly toplumy halka ýetirildi we şondan öň at-abraýly döwlet baýraklaryna eýe bolan ýazyjylaryň hakykatda konformist bolandygyny aýan etdi, bu, belki, gelýän ýyllarda Türkmenistanda hem şeýle bolar. Biz uly bir akymyň, döredijilik tolkunynyň öňünde duran bolsak bildikmi?” diýip, aşgabatly ýazyjy özüniň umytdan düşmeýändigini hem sözüne goşdy.

Azatlyk bu täzelik, internetde köpelýän sesli kitaplar, bu göçümiň arkasyndaky ýagdaýlar barada öz pikir-garaýyşlaryny paýlaşmagyny sorap, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbedi diňläp, pikir-garaýyşlaryňyzy paýlaşmaga çagyrýarys.

Ýene degişli makalalar

'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry
Kömek Kulynyň kyssasy we türkmen edebiýatynyň 'suwsuz degirmen' aladasy
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Aňzakda, göreşde açylan ak gül
Türkmenleriň ene dili höwesine näme bolýar?
'Unudylan' Gazawat urşy 150 'ýaşady'