Irawani: Birtaraplaýyn mejbury çäreler adam hukuklarynyň bozulmagydy

Irawani: Birtaraplaýyn mejbury çäreler adam hukuklarynyň bozulmagydy

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Birtaraplaýyn mejbury çäreleriň öňüni almak boýunça halkara güni mynasybetli geçirilen Baş Assambleýanyň mejlisinde bu çäreleriň halkara gatnaşyklaryna, söwda, maýa goýumlaryna we hyzmatdaşlyga, şeýle hem köp garaşsyz ýurtlarda adamzada ýetiren zyýany barada duýduryş berdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irawani penşenbe güni bu mejlisde birtaraplaýyn mejbury çäreler halkara hukugynyň esasy ýörelgeleriniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda beýan edilen ýörelgeleriň, hususan-da, özygtyýarly deňligiň we gatyşmazlygyň aç-açan bozulmagyny emele getirýän iň elhenç kynçylyklaryň biridir diýdi.

Pars Today-iň habaryna görä, Irawani şeýle sözüni goşdy: Bu bikanun çäreler adam hukuklaryny, şol sanda ösüş hukugyny hem bozýar we olaryň amala aşyrylmagyna päsgel berýär we netijede adam hukuklaryndan doly peýdalanmaga ýaramaz täsir edýär.

Eýranyň BMG-däki hemişelik wekili şeýle hem sözüni dowam etdirip bu bikanun hereketler, şol sanda täsirlenen ilatyň dermanlara, lukmançylyk hyzmatlaryna we enjamlaryna, şeýle hem beýleki zerur zatlara elýeterliligine päsgel bermek bilen agyr ynsanperwerlik netijelerine hem getirýär we olaryň nyşana alnan ýurtlaryň tutuş ilaty üçin betbagtçylykly ýaşaýyş şertlerini döredýändigi aýdyňdyr diýip sözlerine goşdy.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň ABŞ-nyň howplaryndan goranmagynyň kanunylygy
Irawani: Agressiýa ýagdaýynda aýgytly jogap bereris
Eýran näme üçin ABŞ-nyň birtaraplaýyn sanksiýalaryny bikanun hereket we halkara hukugyna garşy hasaplaýar?
Aragçi: Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugy barada gepleşik geçirip bolmaz
Eýran: Biz güýç ýa-da howpa boýun egmeris
Eýranyň Daşary işler ministrligi: ABŞ-nyň Wenesuelaga garşy agressiýasy dünýä parahatçylygyna howp salýar