Iş Nokady HJ dört ugur boýunça okuwlara kabul edişligi açýar

Iş Nokady HJ dört ugur boýunça okuwlara kabul edişligi açýar

Çagalaryň bilim-başarnyklaryny 8Q intellekt arkaly kämilleşdirmek pudagynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Iş Nokady hojalyk jemgyýeti çagalar we ýetginjekler üçin dört dürli ugur boýunça okuwlara kabul edişligi yglan edýär:

MiniBoss we BigBoss Business School — bu ýüzlerçe innowasiýalary, oýun usulyýetlerini, global etno-gurşawy, pikirdeşleriň sagdyn gurşawyny, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine girmäge taýýarlygy öz içine alýan özboluşly, bitewi bilim ulgamydyr. Niýetlenen ýaş aýratynlygy 6+.

Royal British School — iňlis dilli ýurtlaryň dil we medeniýet dünýäsine aralaşmak üçin giň mümkinçilik döredýän lingwistik mekdepdir. Bu okuw maksatnamasy okuwçylara iňlis dilini doly özleşdirmäge ýardam etmek üçin döredildi. Niýetlenen ýaş aýratynlygy 6+.

Leonardo Creative Art School — döredijiligi kämilleşdirmegiň halkara mekdebi. Okuw maksatnamasy döredijilikli pikirlenmegi, göz öňüne getirmegi, döredijiligi hem-de meseläni çözmäge innowasion çemeleşmegi ösdürmäge gönükdirilendir. Niýetlenen ýaş aýratynlygy 6 ýaşdan 17 ýaşa çenli.

Iş Nokadynda geçilýän okuwlar çagalara we ýetginjeklere 8 görnüşli intellekti ösdürmäge hem-de diňe bir bilim däl, eýsem amaly endikleri kämilleşdirmäge hem kömek edýär.

Okuwlar tamamlanandan soň, her bir öwreniji Beýik Britaniýanyň halkara diplomyny alar.

Sapaklar dynç günleri rus we iňlis dillerinde onlaýn hem-de oflaýn formatlarda geçirilýär. Bu barada maslahat almak üçin şu salgylanma giriň.

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Berkarar işewürlik-merkezi, 10 gat, J1 blok.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Londonadaky gonuş menzilini üýtgedýär
Dünýäniň iň gowy awiakompaniýalary
Elektroulaglary öndürer
Mahindra & Mahindra elektrik ulaglaryny öndürmekçi
“Itiň hökmürowany” iň gowy film hökmünde BAFTA baýragyna mynasyp boldy
Londonda ýolagçy uçary tasdan agdarylypdy