Iş Nokady Marynyň ýaşaýjylaryny XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi atly işewürlik maslahatyna çagyrýar

Iş Nokady Marynyň ýaşaýjylaryny XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi atly işewürlik maslahatyna çagyrýar

Ozal habar berlişi ýaly, 13-nji we 14-nji maýda Maryda Iş Nokady kompaniýasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi we Algoritm okuw merkezi bilen bilelikde gurnamagynda XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi atly ilkinji işewürlik maslahaty geçiriler.

Forumyň birinji gününde Iş Nokady kompaniýasynyň aşakdaky taslamalarynyň tanyşdyrylyşy bolar:

Şeýle hem Marketing we Satuwlar, Işgärleri dolandyrmak we höweslendirmek, Häzirki zaman IT-tehnologiýalary we Işewürlikde hukukşynaslyk ýaly mowzuklar boýunça tegelek stollar geçiriler.

Maslahatda öz ugurlarynda köp ýyllyk tejribesi bolan hünärmenler çykyş ederler we foruma gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap bererler.

Forumyň birinji gününiň duşuşyklarynyň geçiriljek salgysy: Mary ş., Aga Hanjaýew köç., 15-nji A bina, Algoritm okuw merkezi. Foruma gatnaşmak mugt.

Forumyň ikinji güni IT-tehnologiýalary pudagyna bagyşlanar. Gatnaşanlar üçin Minecraft: emeli aňa giriş hem-de Python diliniň mysalynda programmirlemegiň esaslary we hususy ykjam programmalaryňyzy işläp düzmek mowzuklary boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler.

Sapaklary Halkara IT-akademiýasynyň, Coddy çagalar üçin programmirleme mekdebiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri geçerler.

XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi forumynyň birinji gününiň hem, ikinji gününiň hem mowzuklary telekeçiler we hususy işewürler, iş dolandyryjylar, şeýle hem IT-tehnologiýalary ulgamy boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak isleýänler hem-de bu mowzuk bilen gyzyklanýan çagalaryň we ýetginjekleriň ene-atalary üçin peýdaly bolar.

Forumyň ikinji gününiň duşuşyklarynyň geçiriljek salgysy: Mary ş., Aga Hanjaýew köç., 15-nji A bina, Algoritm okuw merkezi. Giriş mugt.

Gatnaşmak üçin ýüztutmalar şu salgy, şeýle hem (+993 63) 41 51 78 telefon belgisi boýunça kabul edilýär.

Turkmenportal saýtynda deslapky bildiriş ýerleşdirilmezden öň iberilen hasaba alynmak üçin ýüztutmalar hakyky diýlip kabul edilýär we gaýtadan hasaba alynmagy talap etmeýär.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi
Dalaşgär 2024: Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi