Ismail Çatakly: "142 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Ismail Çatakly: "142 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Içeri işler ministriniň orunbasary Ismail Çatakly, paýtagt Ankara şäherinde geçirilen "Aýlyk Metbugata maglumat bermek maslahatynda", terrora garşy göreşiň arakesmesiz dowam edýändigini belläp: "Iýun aýynda ýaz/tomus we Eren Gabaw operasiýalarynyň çäginde terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýalaryň çäginde obalyk ýerlerde 8-i uly, 61-i orta derejede jemi 12 müň 654 operasiýa we ähli terror guramalarynyň şäherlerdäki gurluşlaryna we hyzmatdaşlaryna garşy 1421 operasiýa geçirildi. Şol operasiýalarda aralarynda 1-i sanawdan daşary, 1-i çal, 2-si narynç, 2-si gök kategoriýa boýunça gözlenen terrorçylar bilen birlikde jemi 142 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mundan başgada iýun aýynda terror guramalaryna kömek beren we olar bilen arabaglanşykda bolan 2 müň 791 adam göz tussaglygyna alyndy we şolaryň 405-si tussag edildi.Olar bilen birlikde iýun aýynda 16 terrorçylykly aksiýanyň öňi alyndy" diýip habar berdi.

Bikanun migrasiýa garşy göreş barada hem maglumat beren Ismail Çatakly: "Iýun aýynda 4 müň 659-y deňizlerde bolmak bilen jemi 33 müň 465 bikanun migrant we 612 guramaçy saklandy. Ýurtlaryna gaýdyp baran siriýalylaryň sany 509 müň 791-e ýetdi we belliga alynan Siriýalylaryň sany 3 million 648 müň 983-dir. Şu ýylyň başyndna bäri ýurtdan çykarylan bikanun migrantlaryň sany 48 müň 233, iýun aýynda ýurtdan çykarylan bikanun migrantlaryň sany 16 müň 710-dyr" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Amerikan Wekiliýeti Ankara Geler
Kalyn Amerikan Wekiliýeti Bilen Duşuşar
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi