Ispaniýa bilen Ysraýylyň arasyndaky diplomatik krizis

Ispaniýa bilen Ysraýylyň arasyndaky diplomatik krizis

Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden flotilde ýer alan ispaniýaly meýletiniň tussaglyk möhlediniň uzaldylmagy Ispaniýa bilen Ysraýylyň arasynda diplomatik krizise sebäp boldy.

Resmi Madrit wakany “kabul edilmesiz” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hoze Manuel Albares, Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden flotilde ýer alan ispaniýaly meýletiniň tussaglyk möhlediniň uzaldylmagyna garşylyk görkezmek maksady bilen Ysraýylyň Madritdäki geňeşçi ilçisini ministrlige çagyrdy.

Parlamentde halk deputatlaryna ýüzlenip çykyş eden Albares, “Raýatymyzyň tussaglyk möhlediniň uzaldylmagynyň kabul edilmesizdigi sebäpli Ysraýylyň wekilini ministrligine çagyrdyk” diýdi.

Özara gatnaşyklar dartgynlaşýar

Iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk, Ispaniýanyň BMG-nyň Palestin boýunça ýörite wekili Albanese döwlet nyşany ordeni bilen sylaglandyrmagy sebäpli dartgynlaşypdy.

Ysraýylyň kazyýeti bolsa halkara çagyryşlara garamazdan asly palestinli Ispaniýanyň raýaty Saif Abu Keshek bilen braziliýaly meýletin Awilanyň tussaglyk möhledini ýekşenbe gününe çenli uzaltdy.

Geçen hepde Gresiýanyň golaýynda halkara suw giňişliginde Gaza ynsanperwer kömegini alyp barýan Halkara Sumud flotilini saklan Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri meýletinleriň esasy bölegini ýurtdan çykarypdy, emma Saif Abu Keshek bilen braziliýaly meýletin Awilanyň tussaglyk möhledini ýekşenbe gününe çenli uzaltdy.

Halkara adam hukuklary guramalary wakanyň kabul edilmesizdigini we meýletinlere tussaghanalarda erbet daralandygyny nygtaýar.

Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini “genosid” hökmünde häsiýetlendiripdi.

Ispaniýa 2024-nji ýylda Palestin döwletini resmi taýdan ykrar edipdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Ispaniýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ispaniýa Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Hakan Fidan Telefon Söhbetdeşliklerini Dowam Etdirýär
Ispaniýa Ysraýyla Ýarag Satuwyny Bes Etdi
Ispaniýanyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Boldy