Işsizler nobatlaryny gaýtadan tassykladýar, ýaşlar 'perspektiwa ýok' diýýär

Işsizler nobatlaryny gaýtadan tassykladýar, ýaşlar 'perspektiwa ýok' diýýär

Türkmenabat şäheriniň zähmet we iş üpjünçiligi bölümlerinde işsizleriň nobatlary döredi, olar bu ýere nobatlaryny gaýtadan tassyklatmak üçin gelýärler. Azatlygyň Lebapdaky habarçysy nobatlaryň ýanwar aýynyň başyndan başlanyp, şu günler hem azalmaýandygyny habar berýär. Türkmenbaşydaky zähmet biržasynda nobata duran işsizleriň sanynyň 35 müňe ýetendigi habar berilýär. Türkmenistan ýurtdaky işsizlik problemasyny boýun almaýar.

Aýdylmagyna görä, zähmet biržalaryna ýüz tutan işsizler her ýylyň başynda nobatlaryny gaýtadan tassyklatmaly bolýarlar. Bu adamlary gaýtadan gerek resminamalary toplap, bir topar wagt ýitirmäge mejbur edýär.

Işsizlik Türkmenistanda uly problema bolup, zähmet migrasiýasynyň görülmedik derejede ýokarlanmagyna, maşgalalaryň bölünmegine, köp çaganyň ataly ýa eneli ýetim ösmegine sebäp bolýar.

Habarçylarymyzyň berýän maglumatlaryna görä, zähmet biržalarynyň etraplarda döredilen korrupsiýa ojagyna öwrülendigini aýdýan adamlar hem az däl.

"Bu edaralarda işsiz garyndaşlaryny, tanyşlaryny nobata goýup, işsizlik pensiýasyny alýan emeldarlar hem bar" diýip, resmi ýagdaýda tassykladyp bolmaýan habarlarda aýdylýar.

Türkmenbaşydaky zähmet biržasynda nobata duran adamlaryň sany, dekabrda alan maglumatyma görä, 35 müňe ýetdi diýip, habarçymyz aýtdy.

Balkandaky habarçymyzyň gürrüňdeş bolan hünärmeniniň tassyklamagyna görä, daşary ýurtlaryň ýuridiki fakultetlerini tamamlan adamlary aňsat işe almaýarlar.

“Türkmenistan olara ynanmaýar, hamala, içaly taýýarlap iberilen ýaly garaýar” diýip, ýerli hünärmen Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçysyna aýtdy.

Geçen ýyllarda nobata duran we iş tapmadyk, geçen ýyl hem nobatyny täzeden tassykladan raýatlaryň aýtmaklaryna görä, hasaba duran ýeriňden täze kepilnama alyp, ýene nobatyňy tassyklatmaga gelmek goşmaça çykdajy hem bolýar.

“Ýagdaýy gowy bolsa, iş tapan bolsa, kim baryp nobata durjak, emma adama däl, kagyza köp ynanýarlar” diýip, ýerli synçy türkmen häkimiýetleriniň soňky ýyllarda adamlardan barha kän resminama talap edýändigini, munuň ilaty örän nägile edýändigini belledi.

Aýdylmagyna görä, öňki işsizleriň üstesine, soňky birnäçe ýylda ýokary okuw jaýlaryny ýa-da hünär mekdeplerini tamamlan ýaşlar hem goşulýar. Emma häkimiýetler ýaşlaryň, hususan-da hünärli ýaşlaryň işe ýerleşdirilişi barada anyk maglumatlary çap etmeýär we Azatlygyň ýazmaça iberen soraglaryna jogap bermeýär.

Azatlyk mundan öňem işsizlik, daşary ýurtlarda alnan diplomlary tassyklatmak we işe girjekleriň öňünde keserýän korrupsiýa meselesi barada ençeme habar berdi. Anonimlik şertinde gürleşen adamlar bu hili kynçylyklaryň umuman saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Ýöne habarçylar bir oňyn özgerişligiň hem bolandygyny, soňky ýyllarda dürli hünär mekdeplerini, tölegli kolležleri tamamlaýan ýaşlaryň sanynyň köpelýändigini habar berýärler.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistandaky işsizlik mekdeplerde, ÝOJ-larda berilýän bilim derejesiniň pese gaçmagy, sowet döwründäki hünär mekdepleriniň köpçüliklerin ýapylmagy bilen çuňlaşdy we Azatlyga pikirini aýdan hünärmenler hünär mekdepleriniň dikeldilmegi, gysga wagtlyk kurslaryň açylmagy baradaky teklipleri orta atdylar.

Şunuň bilen baglylykda, il içinde “tehnikum” diýilýän tölegli orta hünärmen kolležlerini tamamlap, diplom alýan ýaşlaryň sany köpelýär diýip, habarçymyz aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Türkmenabatda orta hünär alan ýaşlar öz ugurlary boýunça iş tapyp bilmeýär.

“Türkmenabadyň edara-kärhanalarynda iş tapdyrmaýar” diýip, habarçy bilen aýry-aýrylykda gürleşen oglan-gyzlar aýtdy. Olaryň köpüsi hünär mekdepleriniň buhgalter, hasapçy, ykdysatçy bölümlerini tamamlapdyrlar.

Etrap ýerlerinde ýerleşýän edara-kärhanalaryň sany gaty az, iş gözleýän ýaşlar bolsa kän diýip, habarçy iş talabynyň ýyl-ýyldan köpelýändigini aýtdy.

“Hünär öwrenen ýaşlar etrap ýerlerinden gelip, Türkmenabat şäheriniň zähmet we iş bilen üpjün ediş bölümlerine arza ýazýarlar. Ýöne edara-kärhanalarda ozalky tassyklanan iş orunlaryndan başga täze orunlar açylmaýar, olar rugsat berleninden artykmaç işgär kabul edip bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, ýerli hünärmen düşündirdi.

“Türkmenistanda indi bilim alanyň hem peýdasy ýok, hiç hili perspektiwa görünmeýär” diýip, iş tapmaýan ýaşlaryň biri Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýerli habarçylarymyzyň biri zähmet biržasyndaky nobatyny her aýda diýen ýaly barlaýan, täzeden sanawa goşdurýan adamlaryň hem az däldigini, munuň zerurlyga öwrülendigini habar berýär.

Onuň tassyklamagyna görä, işsizlik gaty köp, edara-kärhanalarda täze iş orunlary ýeterlik döredilmeýär; hökümet edaralarynda işleýän adamlar aýlyk haklaryndan bikanun tutulýan pullardan gaty nägile bolýarlar we daşary ýurtlara gitmegiň ugur-ýoluny gözleýän köpelýär.

“Iş berijiler adamlaryň işe mätäçliginden peýdalanyp, olary ezmegi, kähalatda bäş işgäriň etmeli işlerini bir işgäre buýurmagy hem adaty zat boldy” diýip, habarçy bilen gürleşen işçileriň biri aýtdy.

Şeýle-de, işleýän adamlaryň bankdan pul çekmek kynçylygynyň saklanyp galýandygy, argyn raýatlaryň ençeme sagat nobata durýandygy habar berilýär.

“Iş wagtynda gidip, bankdan aýlygyň nagtlaşdyryp bolmaýar. Başlyklar birde rugsat berse, ikide rugsat bermeýär. Bir gezekde diňe 800 manat pul çekip bolýar. Ol hem bankomada pul salynsa” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran işçi aýtdy.

Işsizligiň ýokary bolmagy bu ugurdaky parahorlugyň hem saklanyp galmagyna sebäp bolýana meňzeýär.

“Ähli ýerde para bermeli. Işe girmek üçin para bermek ýazylmadyk kanuna öwrüldi. Işe girjek bolsaň, berilmeli para barada indi açyk gürrüň edilýär, gizlemek zerurlygy ýok. Ozallar, azda bolsa, bu iş gizlin edilýärdi. Biržanyň işgärleri hem, iş ýerleri boşasa, ilki bilen ýokarky emeldarlara duýdurýarlar we iş ýerlerini satýarlar” diýip, ýerli hünärmen Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, ilat arasynda daşary ýurtlara gazanç etmäge gitmek islegi ulalýar.

“Hatda mekdep okuwçylary hem, öz aralarynda, mekdebi tamamlap, Türkiýä, Russiýa gitmek hakynda gürrüň edýärler, daşary ýurtlardan yzyna gelenler iş tapyp bilmän, ýene gitmegiň pikirini edýärler” diýip, hünärmen aýtdy.

Türkmenistanda işsizlik 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan soň köpelip başlady we soňky onýyllyklarda uly sosial meselä öwrüldi, jenaýatçylygyň ösmegine we migrasiýanyň köpelmegine getirdi diýip, synçylar we hünärmenler aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň habarçylarynyň işsizlik meselesi baradaky soraglaryna düşündiriş bermeýärler. Ýurtda dörän agyr ykdysady kynçylyklary boýun almaýan hökümet işsizlik bilen bagly maglumatlary gizlin saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Işsizler nobatlaryny gaýtadan tassykladýar, ýaşlar 'perspektiwa ýok' diýýär
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Parahorluk habary dekanyň 'gaharyny getirdi', studentleriň 'kitaphana sürgüni' uzaldyldy
Internet tizligi ýene-de peseldi, ilatyň 'nägileligi ýokarlanýar'
Aşgabadyň sement kyssasy 'özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna' öwrülýär
Aşgabatda jaýlarynyň öňündäki oturgyçlar aýrylýar, ilatdan daşarda oturmazlyk talap edilýär