IT- milliarderi Jek Ma fermer bolar

“Alibaba Group” kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan 58 ýaşly hytaýly milliarder Jek Ma oba hojalyk tehnologiýalary bilen meşgullanýan täze kompaniýa maýa goýdy. Bu barada “South China Morning Post” habar berýär. Balykçylyga we oba hojalygyna ýöriteleşen täze kompaniýa “1.8 Meters Marine Technology” diýlip atlandyrylýar we ýaklynda Jek Manyň dogduk Hançžou şäherinde bellige alyndy.

“South China Morning Post” neşiriniň habar bermegine görä, Jek Manyň maýa goýum holding kompaniýalarynyň biri bolan “Hangzhou Dajingtou No. 22 Arts and Culture Co.” täze döredilen kompaniýanyň paýnamalarynyň 10%-ne eýelik edýär. Bilermenler milliarderiň bu kararynyň onuň Hytaýyň tehnologiýalar pudagyndan ýuwaş-ýuwaş çekilýändiginiň subutnamasy diýip belleýärler.

Bellenilişine görä, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Ma Ispaniýada oba hojalygyny we daşky gurşaw bilen baglanyşykly tehnologiýalary içgin öwrenipdir. Şeýle hem ol Niderlandlarda, Ýaponiýada we Taýlandda bolup, oba hojalyk tehnologiýalaryny öwrenipdir. Şu ýylyň maý aýyndan bolsa Jek Ma Tokio uniwersitetine oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk harytlarynyň önümçiligi temalary boýunça sapak bermek üçin çagyrylan professor hökmünde işe başlady.

Ýene degişli makalalar

Balyk bahalary 'azyk howpsuzlygynyň arzuw bolandygyny' görkezýär
Norwegiýada agramy 180 kilogram bolan paltus balygy tutuldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gyrgyzstanda Baýraktar TB2 Üçin Wideo-Klip Taýýarlandy
Lebabyň ýaşaýjylaryna Nowruz baýramyny köpçülikleýin bellemek näbelli sebäpler bilen gadagan edildi
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr