Italiýada 101 Ýaşyndaky Zenan 3-nji Gezek Koronawirusy Ýeňmegiň Hötdesinden Geldi

Italiýada 101 Ýaşyndaky Zenan 3-nji Gezek Koronawirusy Ýeňmegiň Hötdesinden Geldi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 474 müň 985 adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 474 müň 985, wirusa ýoluganlaryň sany 63 million 641 müň, sagalanlaryň sany 43 million 28 müň 945 adamdan geçdi.

ABŞ-da epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 274 müň 332, wirusa ýoluganlaryň sany 13 million 920 müň 38 adama ýetdi. Prezident Donald Trampyň Kowid-19 boýunça kömekçisi Dr. Skott Atlas wezipesinden çekilendigini mälim etdi. 4,5 aý ozal bu wezipä bellenen Atlas, esasan maska meselesindäki beýannamalary sebäpli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berk tankyt edilipdi.

Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 205 adam artyp 58 müň 448, wirusa ýoluganlaryň sany 12 müň 330 adam artyp 1 million 629 müň 657 adama ýetdi. Saglygy goraýyş ministri Matt Hankok, milli karantin sebäpli koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň 30 göterim aşaklandygyny aýtdy.

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 55 müň 576, hasaba alynan kesellileriň sany 1million 601 müň 554 adama ýetdi. Ýurtda 9 aýda 3-nji gezek koronawirusa ýolugan 101 ýaşyndaky zenan bu gezek hem koronawirusy ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 408 adam artyp 52 müň 731 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 4 müň 5 adam artyp 2 million 222 müň 488 adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli Gollandiýada 9 müň 376 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 523 müň 478 adama ýetdi. Gollandiýada şu günden başlap koronawirus sebäpli ýapyk ýerlerde maska dakmak mejbury ýagdaýa getirildi.

Kanadada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň snay 12 müň 84, hasaba alynanlaryň sany 375 müň 737 adama ýetdi.

Horwatiýada koronawirus sebäpli 1786 adam ýogaldy, 128 müň 442 adam hem hasaba alyndy. Aýalyndan soň Premýer ministr Andrež Plenkowiçe hem koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy. Epidemiýa sebäpli

Braziliýada 173 müň 165 ,Meksikada 105 müň 940,Ispaniýada 45 müň 69,Argentinada 38 müň 730,Kolumbiýada 36 müň 776,Peruda 35 müň 966,Polşada 17 müň 150,Germaniýada 16 müň 862,Belgiýada 16 müň 645,Çilide 15 müň 410,Ekwadorda 13 müň 461,Ukrainada 12 müň 327,Kanadada 12 müň 130,Ruminiýada 11 müň 331 adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar
Koronawirus Täsirini Dowam Etdirýär
ABŞ-da Wirusa Ýoluganlaryň Sany 25 Million 861 Müň Adama Ýetdi
ABŞ-da Wirusa Ýoluganlaryň Sany 25 Million 861 Müň Adama Ýetdi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Wenger Hökümeti Rus Sputnik-W Sanjymynyň Ulanylmagyny Tassyklady
ABŞ-da Koronawirusa Ýoluganlaryň Sany 25 million 196 Müň Adama Yetdi