Italiýada garaşylmadyk ýeňiş

Welosport “Gran Tur” ýol ýaryşlarynyň iň esasy 2-nji bäsleşigi “Giro

d’Italia” tamamlandy. Pandemiýa sebäpli adaty geçirilýän wagtyndan 4 aý soň

guralan ýaryşda Beýik britaniýaly Teo Geýgan Hart ýeňiji boldy. Britaniýanyň “Ineos Grenadiers” toparynyň 25 ýaşly sürüjisi soňky tapgyrda umumy

sanawda 1-nji orny eýeläp, garaşylmadyk ýeňiş gazandy. Diňe 15-nji we 21-nji

tapgyrlarda ýeňiji bolan Teo Geýgan Hart soňky tapgyrda Jeý Hindliden öňe

saýlanmagy başardy. Hart 3361,4 kilometrlik aralygy 85 sagat 40 minut 21

sekuntda tamamlamagy başardy. Garaşylmadyk bu ýeňiş 25 ýaşly türgeniň ilkinji

çempionlygy boldy. 103-nji gezek geçirilen ýaryşda ýeňijiden 39 sekunt yza

galan “Team Subway” toparynyň türgeni Jeý Hindli 2-nji, toparyň başga

welosportçysy, 18-19-njy tapgyrlarda umumy sanawda öňe saýlanan Wilko Kelderman

3-nji ýeri eýeledi. 3-nji tapgyrda gülgüne köýnekçäni geýip, 17-nji tapgyra

çenli umumy sanawda iň öňdäki orny özünde saklan Žoao Almeida 4-nji ýer bilen

oňňut etmeli boldy.

Ýene degişli makalalar

20.05.2018 | Sagdynlyk - ruhubelentlik
Sagdynlyk - ruhubelentlik
03.06.2018 | Welosiped sportuny wagyz etmekde Türkmenistanyň tejribesi Ginnesiň rekordlar kitabynda
Türkmenistanda Welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin weloýöriş geçirildi