Italiýada sirkden gaçan ýolbars birnäçe sagat şäherde aýlandy

Italiýada sirkden gaçan ýolbars birnäçe sagat şäherde aýlandy

Rimden 60 kilometrlikdäki deňizýaka Ladispoli şäheriniň sirkinden gaçan ýolbars birnäçe sagat şäherde gezelenç edip, ýerli ýaşaýjylary aljyraňňylyga saldy. Bu barada La Repubblica gazeti habar berdi diýip, Report neşiri ýazýar.

Kimba atly mahnet ýolbars geçen şenbede günüň ikinji ýarymynda sirkden gaçdy. Sirkiň işgärleri onuň ýokdugyny kapasanyň agzynyň açykdygyndan soňra bildiler. Ýyrtyjy birnäçe sagatlap, şäheriň eteklerinde selpedi, soňra ýaşaýyş mähellelerinde, köçelerde gezdi. Ýaşaýjylara öýden çykmazlyk maslahat berildi. Ýolbarsyň köçelerde ygyp ýören wideogörnüşlerini ýerli adamlar internetde goýdular.

Ýolbarsy ahyry gün ýaşar uçurlary poliseýleriň ýörite gullugy dikuçaryň kömegi bilen ele saldy, ony beýhuş ediji ok bilen atyp urdular. Ýolbars öňki kapasasyna eltildi diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Haýwanat baglarynyň ähmiýeti
Haýwanat baglarynyň ähmiýeti
SIRK SUNGATY USSATLARA BAŞARDÝAR
Sirkdäki Ýolbars Tälimçä Topuldy
Aşgabadyň haýwanat bagyndaky jandarlaryň ýagdaýy gözgyny