Italiýanyň dokma enjamlaryny öndürijileri “Turkmentextile Expo 2026” sergisine gatnaşarlar

Italiýanyň dokma enjamlaryny öndürijileri “Turkmentextile Expo 2026” sergisine gatnaşarlar

Italiýanyň birnäçe kompaniýalary 46-njy iýunda Aşgabatda geçiriljek “Turkmentextile Expo 2026” halkara sergisine gatnaşarlar. Milli pawilýon Italiýanyň Daşary Söwda Agentliginiň (ICE) we dokma enjamlaryny öndürijileriň ACIMIT birleşiginiň hyzmatdaşlygynda guralar diýip, ACIMIT penşenbe güni habar berdi.

Italýan kompaniýalarynyň bu sergä gatnaşygynyň esasy maksady italýan tehnologiýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakdan ybarat bolup, ACIMIT bu bazary strategik taýdan möhüm we geljegi uly hasaplaýar. Habarda bellenilişi ýaly, Italiýa özüni ýerli öndürijiler üçin esasy tehnologik hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezýär.

Italiýanyň pawilýonynda “Bianco”, “Color Service”, “Corino Macchine”, :Dover Industries Italy”, “Itema”, “M.C.S. Officina Meccanica”, “Marzoli Machines Textile”, “Mesdan”, “Salvadè”, “Savio Macchine Tessili” we “Stalam” ýaly kompaniýalar öz önümlerini we çözgütlerini tanyşdyrarlar.

“Turkmentextile Expo 2026” sergisi enjam öndürijilerini, innowasion kompaniýalary we dizaýnerleri birleşdirýän halkara meýdança hökmünde çykyş edýär. Serginiň çäklerinde dokma senagatynda durnukly önümçilik tejribeleri, häzirki zaman tehnologiýalary we döwrebap dizaýn çözgütleri boýunça pikir alyşmalary geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Çig mal özbaşdaklygy, ýokary hil we eksport kuwwaty Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini ösdürmegiň üç esasy ugrydyr