Italýadan Türkmenistana getirilýän söweş uçarlary Trabzonyň uçar menziline gondylar

Italýadan Türkmenistana getirilýän söweş uçarlary Trabzonyň uçar menziline gondylar

Türkiýäniň “SonDakika” neşiriniň 16-njy sentiýabrda ýazmagyna görä, irden Trabzon şäheriniň uçar menziline gonan üç sany daşary ýurt söweş uçarlary uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Howa Güýçleriniň Italýadan satyn alan “Leonardo M-346FA” kysymly üç sany söweş uçarynyň ýangyç almak üçin Türkiýäniň Trabzon şäheriniň howa menziline gonandygy belli boldy.

Italýadan Türkmenistana barýarka, ýangyç guýmak üçin Trabzonyň uçar menziline gonan üç sany söweş uçarynyň 3 pilotynyň Italýandygy,beýleki 3-siniň Türkmendigi bildirildi diýip türk neşiri ýazýar.

Bu söweş uçarlary remontdan soňra Türkmenistana getirilýärmi ýa-da täze satyn alyndymy belli däl.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owal beren maglumatlaryna görä, geçen ýylyň 23-nji iýunynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Kerkide halkara uçar menziliniň açylyşynda Italýanyň “Alenia Auronautica” şirketiniň “C-27J NG Spartan” kysymly uçaryny görkezipdi.

6-njy iýunda Italýanyň Türina şäherinden ýola düşen hut şeýle kysymly uçary spotterler gördüler.

Soňky ýylda spotterler türkmen HHG-niň iki sany şol bir reňkli C-27J NG kysymly we CSX62319, CSX62322 wagtlaýyn hasaba alynyş sanly iki uçaryny surata düşürdiler.The post Italýadan Türkmenistana getirilýän söweş uçarlary Trabzonyň uçar menziline gondylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Hazaryň kenarynda harby türgenleşik geçirildi (Wideýo)
Çempionlar Ligasyna 27 ýyldan soň ilkinji gezek türk kluby gatnaşmaz
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň 2022/23 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Super ýyldyzyň Ýewropa Ligasyndaky ilkinji goly