“Itiň hökmürowany” iň gowy film hökmünde BAFTA baýragyna mynasyp boldy

“Itiň hökmürowany” iň gowy film hökmünde BAFTA baýragyna mynasyp boldy

Londonyň Albert-holl zalynda britan “Oskary” diýlip atlandyrylýan The British Academy of Film and Television Arts (BAFTA) baýragynyň ýyllyk gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2021-nji ýylyň iň gowy britan filmi režissýor Kennet Brananyň “Belfast” filmi boldy. Bu barada kanobu.ru habar berýär.

Laureatlaryň hatarynda “Buýan pizzasy” (“Iň gowy original ssenariýa”), “Meniň ulagymyň ruluna geç” (“Iňlis dilinde däl iň gowy film”), “CODA: Ker ene-atanyň çagasy” (“Iň gowy adaptirlenen ssenariýa”), “Kruella” (“Iň gowy egin-eşik dizaýny”) we Enkanto (“Iň gowy animasion film”) hem bar.

Deni Wilnýowyň “Dýuna” filmi bäş nominasiýada baýraga mynasyp boldy: “Iň gowy wizual effektler”, “Iň gowy operatorlyk işi”, “Iň gowy ses”, “Iň gowy hudožnik işi” we “Iň gowy saundtrek”.BAFTA baýragy üçin iň gowy režissýor we iň gowy halkara filmi Jeýn Kempion we onuň Benedikt Kemberbetç bilen “Itiň hökmürowany” kartinasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Italiýada 78-nji Wenesiýa film festiwaly açyldy
Benedikt Kemberbetç Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ady ýazylan ýyldyzy alar
Hatikonyň 100 ýyllygy bellendi
Tilki we geçi
Aşgabat ilkinji It gözelligi bäsleşigine taýýarlanýar
13.09.2019 | Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby milli gymmatlyklary wagyz etmekde täze belentlikdir