Iýul aýynda Ýüpek ýoly 2023 atly halkara awtoralli geçiriler

Iýul aýynda Ýüpek ýoly  2023 atly halkara awtoralli geçiriler

Ozal habar berşimiz ýaly, ýekşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine baryp, ol ýerde merkeze täze gelip gowşan sport ulaglaryny synagdan geçirdi.

Watan habarlar gepleşiginde mälim edilmegine görä, 2023-nji ýylyň 6 — 15-nji iýuly aralygynda Ýüpek ýoly 2023 ady bilen, Kazan — Moskwa ugry boýunça halkara awtoralli ýaryşy geçiriler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine täze gelip gowşan sport awtoulaglarynyň ähli görkezijilerine ýokary baha berip, öňde boljak abraýly halkara ýaryşlarda türkmen türgenlerine täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ýeri gelende bellesek, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisi Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, şol sanda ýurtda durmuşa geçirilýän parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň, sporty ösdürmek ugrundaky giň gerimli tagallalaryň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2009-njy ýylda Ýüpek ýoly 2009 atly Kazan — Aşgabat halkara awtorallisi, başga-da halkara awtoralli ýaryşlary geçirilip, olara türkmen türgenleriniň gatnaşandyklaryny hem-de ýokary netijeleri görkezendiklerini bellemek ýakymly.

Ýokary tizlikli, täze görnüşli sport ulaglarynyň gelip gowuşmagy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, ýurtda awtomobil sportunyň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigini görkezýär.

Awtomobil sporty boýunça dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara ýaryşlara türkmen türgenleri işjeň gatnaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Garagum sährasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ralli-reýd ýaryşy geçirildi
Türkmen prezidenti ýene bir gezek ýolbaşçylary täzeledi, sebäbini aýtmady
Harbylaryň, kanun goraýjy işgärleriň arasynda režimiň geljegine 'ynamsyzlyk artýar'