Jeep ABŞ-nyň iň watanperwer brendi diýlip atlandyryldy

Jeep ABŞ-nyň iň watanperwer brendi diýlip atlandyryldy

Brand Keys konsalting kompaniýasynyň ulanyjylar bilen geçiren pikir soraşmalarynyň jemi boýunça Jeep ABŞ-da iň watanperwer brend diýip atlandyryldy. ABŞ-yň 18-65 ýaş aralygyndaky ilatynyň jemi 5804 sanysyndan pikir soraşyldy, olaryň 1172-si brende gowy baha berdi. ABŞ-nyň iň watanperwer ulag kysymlarynyň sanawynda Jeep-iň 20 ýyldan bäri birinji orny eýeläp gelýändigini bellemek gerek.

Jeep-den soň ikinji ýerde Disney kompaniýasy barýar. Amazon bilen Walmart üçünji ýerde, Coca-cola - dördünji, American Express we Ford bolsa bäşinji ýerdedir. Mundan hem başga, sanawda 20-nji orny eýeleýän Harley-Davidson motosikliniň öndürijisini tapawutlandyrmak mümkin. Ynha, Tesla welin, geçen ýyl 30-njy ýeri eýelänem bolsa, 2022-nji ýylda bu watançylyk sanawyndan düşüpdir.

Brand Keys-iň 2022-nji ýylda iň watanperwer brendleriniň sanawy:

Ýene degişli makalalar

Apple dünýäniň iň täsirli brendleriniň sanawynda öňe çykdy
Dünýäniň iň täsirli brendleri
Amazon dünýäniň iň gymmat haryt nyşany boldy
Shell dünýäde iň gymmat nebitgaz brendi boldy
Apple dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda birinji orny eýeledi
Apple iň gymmat brend derejesini gaýdyp aldy