
Uly Lebowsi filmindäki Zaňňaryň keşbinde çykyş eden aktýor Jeff Brijes özüniň režssýor doganlar Itan we Joel Koenleriň rowaýaty komediýasynyň dowamynda çykyş etmäge taýýardygyny People neşiri bilen söhbetdeşliginde aýtdy.
Eý, Taňrym! Eger doganlar (amerikan režissýorlary Itan we Joel Koenler) gyzyklansalar, men bu keşbimi ýene ýerine ýetirerdim. Olar haýran galdyryjy kino döredýärler diýip, Brijes gürrüň berdi.
Şol bir wagtda 73 ýaşly aktýor doganlar Koenleriň Uly Leboski filminiň dowamyny surata düşürmejekdiklerini sözüniň üstüne goşdy hem-de eger olar şeýle hyýala münäýseler, özüniň surata düşmäge höwes bilen taýýardygyny aýtdy.
Bu barada Gazeta.ru ýazýar.