Jewdet Ýylmaz Britaniýada Saparda Bolar

Jewdet Ýylmaz Britaniýada Saparda Bolar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, iş sapary bilen şu gün Britaniýa gider.

Jewdet Ýylmaz Britaniýa gurajak iş saparynyň birinji gününde Türkiýäniň Londondaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Osman Koraý Erteş bilen duşuşar.

Wise-prezident Ýylmaz, Türkiýäniň Britaniýadaky ilçihanasynda türk işewürlerini kabul eder.

Britaniýanyň Wise-premýeri Oliwer Dauden bilen duşuşjak Jewdet Ýylmaz, Birtaniýanyň Senagatçylar konfederassiýasy tarapyndan geçiriljek maslahata gatnaşar.

Britaniýada Ýunus Emre institutynyň Türk medeniýet merkezinde Kipr türkleriniň we türk jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşjak Ýylmaz, Londonyň Gymmatly kagyzlar biržasynda maýadarlara Türkiýäniň maýa goýum mümkinçilikleri hakynda maglumat berer.

Ýene degişli makalalar

Jewdet Ýylmaz Londonda saparda bolýar
"TRT World Forum 2023" başlaýar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz terrora garşy göreş barada beýanat berdi
Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjüme reaksiýa bildirilýär
Jewdet Ýylmaz Nowruz baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy