Jewdet Ýylmaz Eýranyň täze prezidentini we Beýik Britaniýanyň täze premýer ministrini gutlady

Jewdet Ýylmaz Eýranyň täze prezidentini we Beýik Britaniýanyň täze premýer ministrini gutlady

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Eýran Yslam Respublikasynyň 14-nji döwür prezident saýlawynda üstünlik gazanan Mesud Pezeşkiýany we Beýik Britaniýada geçirilen saýlawlarda premýer ministr wezipesine saýlanan Kir Starmeri gutlaýaryn, täze wezipelerinde üstünlik arzuw edýärin.

Saýlawlaryň netijeleriniň ýurtlarymyz, dostlukly we doganlyk Eýranyň halky bilen dostumyz we hyzmatdaşymyz Beýik Britaniýa üçin düşümli bolmagyny dileýärin. Ýurtlaryň ikisinde geçirilen saýlawlaryň netijesinde emele gelen ýagdaýyň gatnaşyklarymyzy has hem güýçlendirip sebitleýin we global parahatçylyga goşant goşjakdygyna ynanýaryn" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 3 ýyllyk ýol kartasy aýan edildi
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi
Jewdet Ýylmaz, Somaliniň Goranmak ministrini kabul etdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Siriýada başdan geçirilen wakalar barada beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Kipr türklerine garşy edilen “Ganly Roždestwo” gyrgynçylygyny hatyralap geçdi
Türkiye bilen Azerbaýjan energiýa, söwda we maýa goýum şertnamasyna gol çekdiler