Jewdet Ýylmaz Özbegistanda Saparda Bolýar

Jewdet Ýylmaz Özbegistanda Saparda Bolýar

Ýylmaz saparynyň çäginde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Daşary ykdysady gatnaşyklar geňşi bilen Bütindünýä Türki İşewür Geňeşi tarapyndan guralan İşewürler dünýäsi bilen duşuşyk çäresine gatnaşdy.

Prezidentiň Orunbasary Jewdet Ýylmaz Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda 3 milliard dollardan geçýän söwda mukdarynyň bardygyny beýan edip; “Liderlerimiziň kesgitlän 5 milliard dollar maksadyna ýakynlaşýarys” diýdi.

Ýylmaz Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklarynyň ýokary derejede, taryhy we medeni aragatnaşyklaryň bolsa iňňän çuňdugyna ünsi çekip, iki ýurduň arasynda dostlukdan has ýokarda, doganlyk hukugynyň bardygyny aýtdy.

Türkiýäniň Özbegistandaky gönüden maýa goýumlarynyň 1,5 milliard dollara ýetendigini aýdan Jewdet Ýylmaz, Özbegistandaky 1900-a barabar türk firmasynyň ýurduň hem ykdysadyýetine, galkynyşyna hem-de iş üpjünçiligine goldaw berýändigini beýan edip, şol firmalaryň dokma senagatynda, energetika, maliýe, ätiýaçlandyryş, metallurgiýa ýaly ençeme pudakda iş alyp barýandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Jewdet Ýylmaz Ertir Özbegistana Gider
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar