Joan Rouling “Garri Potter” franşizasyndan 165 million galleondan gowrak girdeji gazandy

Joan Rouling “Garri Potter” franşizasyndan 165 million galleondan gowrak girdeji gazandy

Garri Potter franşizasy ýazyjy Joan Roulingi dünýäniň iň köp girdeji gazanýan ýazyjylarynyň birine öwürdi. Žurnalistler awtoryň baýlygyny galleonda hasapladylar. Bu barada riafan.ru habar berýär.

Garri Potter hakyndaky ilkinji filmiň premýerasyndan bäri 20 ýyl geçdi, “diri galan oglanjyk” baradaky kitaplar bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynda yzygiderli neşir edilýär. Ýaş jadygöý baradaky eserler Roulingiň halkara hormatyna mynasyp bolmagyna we haýran galdyryjy gonorarlary almagyna mümkinçilik berdi. “RBK” neşiri ýazyjynyň kitaplaryň çykan wagtynda näçeräk gazanandygyny jadyly Angliýanyň pul birligi bolan galleonda hasaplady.

Şeýlelikde, Joan Roulingiň aýtmagyna görä, 1 galleon, takmynan, 5 funt sterlinge deňdir.Garri Potter baradaky ilkinji kitap 1997-nji ýylda çykdy.Bloomsbury Publishing neşirýaty ýazyjynyň döredijiligini 150 galleon ýa-da 1 müň dollar bilen bahalandyrdy. Ýöne tiz wagtdan Scholastic Press neşirýat öýi Roulinge 22,6 müň galleon ýa-da 105 müň dollar töledi.

Kitaplar we filmler şowly çykandan soň, Roulingiň girdejisi ep-esli ýokarlandy we netijede, 2019-njy ýylda ol dünýäniň iň köp girdeji gazanýan ýazyjysy diýlip bellenildi. “The Sunday Times-iň” maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda ýazyjynyň baýlygy 1,1 mlrd dollara (165,4 mln galleon) barabar boldy.

Ýatladyp geçsek, 1-nji ýanwarda franşizanyň ähli muşdaklaryna “Garri Potter 20 ýyldan soň: Hogwartsa dolanyş” atly aýratyn bölümiň çykyşy garaşýar. Bu bölümde filmleriň surata düşürilişinden soň tutuş aktýor düzümi ilkinji gezek jadyly okuw jaýyna ýygnanar.

Ýene degişli makalalar

Garri Potter baradaky seýrek kitap auksiona çykaryldy
Tokioda Garri Potteriň älemi barada iri seýilgäh açyldy
Iň köp kitap okalýan ýurtlar
Ýazyjy Joan Rouling geçen ýylda 18 million funt gazandy
"Täsin" çagalar dünýäsi "Garri Potteriň" äheninde şüweleň guraýar
Meşhur ýazyjylaryň meşhur kitaplary