Jokowiç Tel-Awiwdäki turnirde ýeňiş gazandy

Jokowiç Tel-Awiwdäki turnirde ýeňiş gazandy

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Tel-Awiwde geçen, baýrak gaznasy 950 müň dollar töweregi bolan ATR 250 kategoriýaly tennis turniriniň finalynda horwatiýaly Marin Çiliçi ýeňdi.

Duşuşyk turnirde birinji belgide goýlan Jokowiçiň haýryna 6:3, 6:4 hasap bilen tamamlandy. Çiliç ikinji belgide goýlandy. Tennisçiler kortda 1 sagat 34 minut boldular. Jokowiç karýerasynda 89-njy titulyny we üstümizdäki möwsümde üçünji titulyny gazandy. Serbiýaly türgen Çiliçi 19-njy gezek utdy, tennisçiler dürli turnirlerde jemi 21 gezek duşuşdylar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
“Ýesirler Boşadylýança Hüjümler Dowam Eder”
Türkiýe, Ysraýyldaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Türkiýede Saparda Bolar
Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ertir Ysraýyla Gider
Ysraýyl Gaza garşy hüjümlerini dowam etdirýär