Joşua Usykdan ýene-de asgyn geldi

Boks boýunça agyr agramyň WBA (Super), IBF, WBO hem-de IBO ugurlarynyň çempionlyk duşuşygynda ukrainaly Aleksandr Usyk guşaklaryny goramagy başardy.Ol Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilen duşuşykda angliýaly Antoni Joşua bilen duşuşdy. 12 raund dowam eden tutluşykda Usyk eminleriň 2-siniň tassyklamagy netijesinde ýeňiş gazandy (116:112, 115:113). 3-nji emin Joşuanyň peýdasyna ses berdi (115:113).

Netijede, 35 ýaşyndaky Usyk karýerasyndaky 20-nji duşuşygynda 20-nji ýeňşini baýram etdi.

Ýokarda ady agzalan ugurlar boýunça çempionlyk guşaklaryny geçen ýyl Usyga aldyran Joşua haklaşyk duşuşygynda olary yzyna almak başartmady. Bu onuň 27-nji duşuşygyndaky 3-nji ýeňlişi bolup, ol Usykdan 2, Endi Ruiz Juniordan hem 1 gezek asgyn gelipdi.

Ýene degişli makalalar

Usyk bilen Joşuanyň haklaşyk duşuşygynyň wagty belli boldy
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Golowkin ýene Alwarezden ýeňildi
Joşuanyň 21-nji ýeňşi,Powetkiniň 24-nji nokauty
Joşua bilen Powetkiniň tutluşygy
Joşuanyň 21-nji nokauty